Nebit we pagta önümleri eksport birža geleşikleriniň söwdalarynda esasy orun eýeledi | TDH
Ykdysadyýet

Nebit we pagta önümleri eksport birža geleşikleriniň söwdalarynda esasy orun eýeledi

опубликованно 11.02.2017 // 884 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazuty, arassalanmadyk gaty parafini satyn aldylar. Beýik Britanyýadan we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalaýyşdan geçirilen benzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, dürli görnüşli boýalan tüýjümek önümler, mata we nah ýüplük, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, Owganystan, Belarus, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 47 million 937 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi 6 million 72 müň manatlyk polipropileni, nebit ýol bitumyny (TNGIZ) we azyklyk bugdaý satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter