Ýurdumyzyň telekeçileri Daşoguz welaýatynyň obalarynyň energiýa üpjünçiligi taslamalaryny durmuşa geçirýärler | TDH
Ykdysadyýet

Ýurdumyzyň telekeçileri Daşoguz welaýatynyň obalarynyň energiýa üpjünçiligi taslamalaryny durmuşa geçirýärler

опубликованно 09.02.2017 // 841 - просмотров
 

Köneürgenç etrabynyň çäginde gurulýan täze şäherçede döwrebap energiýa üpjünçilik ülgamy döredilýär. “Ýüpek ýoly” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bu ýerde kuwwaty 10 we 0,4 kilowolta barabar bolan elektrik geçiriji ulgamlaryň 20 kilometrden gowragyny çekdiler, toplumlaýyn transformator beketleriniň 7-sini ornaşdyrdylar, çyra sütünleriniň 400-den gowragyny özünde jemleýän köp şahaly yşyklandyryş ulgamyny gurdular. Şu hojalyk jemgyýetiniň “Nur” elektrik bekedi elektrik energiýasynyň bökdençsiz berilmegini üpjün eder, bu ýerde kuwwatly transformatorlaryň 2-si ornaşdyrylar. Bu ýere etrapda öňden bäri işläp gelýän “Nowça” podstansiýasyndan uzynlygy 4,5 kilometre barabar bolan täze elektrik geçiriji ulgam çekildi.

Türkmenistanda döwletimiz hususy telekeçiligiň ösmegine uly goldaw berýär. Ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundane beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we obalaryň, şäherçeleriň hem-de şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalara işjeň gatnaşýarlar.

Kiçi we orta işewürligiň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylmagy ýurdumyzda möhüm wezipeleri çöz-mäge ukyply uly kärhanalaryň peýda bolmagyna ýardam etdi. Munuň şeýledigini “Ýüpek ýoly” hojalyk jemgyýetiniň mysalynda hem görmek bolýar. Ol diňe Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň özünde dürli maksatly desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Hususan-da, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow geňeşliginiň çägindäki döwrebap “Bagtyýar zaman” obasynda energiýa ulgamyny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar, Köneürgenç etrabynda suw arassalaýjy desganyň gurluşygy tamamlanyp barýar, Ruhubelent etrabynda et we süýt önümlerini öndürýän iri maldarçylyk hojalygy gurulýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter