Birža täzelikleri 4-nji Fewral | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 4-nji Fewral

опубликованно 04.02.2017 // 989 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit koksuny, Beýik Britaniýanyň işewür toparynyň wekilleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň işewürleri daşary ýurt puluna azyklyk bugdaýy hem-de tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşini, ýorgan-düşek daşlyklaryny, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 413 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine pakistanly işewürler jemi bahasy 94 müň manatdan gowrak saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 2 million 483 müň manatdan gowrak polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter