Meretdurdy Gurbanow Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy | TDH
Saýlawlar - 2017

Meretdurdy Gurbanow Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

опубликованно 30.01.2017 // 882 - просмотров
 

Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy. Duşuşyk M.Kemine adyndaky döwlet teatrynda geçdi. Oňa ýerli häkimiýet düzümleriniň, edaralaryň we guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary M.Gurbanowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony ak ýürekli salyhatly hem-de mynasyp raýat hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan edip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga ýardam berýän täze kanunçylyk namalarynyň işläp düzülmegine aýratyn üns berdi.

Halkara gatnaşyklary babatda aýdyp, dalaşgär Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny geçirmegi dowam etmek arkaly Garaşsyz Türkmenistanyň abraýyny pugtalandyryp, parahatçylyk dörediji hereketlere işjeň ýardam beriljekdigini äşgär etdi.

Dalaşgäriň çykyşynda milli ykdysadyýetiň mundan beýläk hem batly depginler bilen ösüşini üpjün etmäge, birinji nobatda bolsa nebitgaz we energetika pudaklarynyň, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmagyň, döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň, ähli ulgamlara täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen çärelere aýratyn üns berildi.

Azyk bolçulygyny döretmek, daýhan birleşikleriniň sanyny artdyrmagyň we olara goldaw bermegiň, olary tehniki taýdan doly enjamlaşdyrmagyň hem-de obasenagat toplumynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek birinji derejeli wezipeleriň biri bolup durýar diýip, dalaşgär aýtdy.

Onuň pikirine görä, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi gönüden-göni ylym bilen, hususan-da, pagta we bugdaý, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen dünýä ölçeglerine laýyklykda meşgullanýan ylmy-barlag institutlarynyň işleri bilen baglanyşyklydyr. M.Gurbanow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, şeýle hem sebitlerde ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny ösdürmegiň mümkinçilikleri we täze iş orunlaryny döretmek boýunça çäreleriň üstünde durup geçdi.

Üns berip diňländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär ýene bir gezek özüniň başarnygyny we gujur-gaýratyny mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlajakdygyna ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter