Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy | TDH
Saýlawlar - 2017

Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy

опубликованно 30.01.2017 // 896 - просмотров
 

Şu gün Türkmenabat şäheriniň häkimliginde Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy. Onuň saýlawlaryň öüňsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşmak üçin ubu ýere ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar.

S.Jelilowyň ynanylan wekili ony zähmetsöýer, özüne tabşyrylan işi ýerine ýetirmäge çynlakaý çemeleşýän jogapkärli adam hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň şu häsiýetleri raýatlaryň teklipçi toparynyň ony döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärlige hödürlemegine getirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgäriň özi söz aldy. Ýygnananlar bilen salamlaşyp, ol ýurdumyzyň mundan beýläk ösüşine öz garaýyşyny beýan etdi hem-de onuň dünýäniň dürli döwletleri we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugruny dowam etmäge, parahatçylygy we ýurtda durnuklylygy berkitmäge, ähli pudaklary ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini gowulandyrmaga we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini mälim etdi.

Bellenilişi ýaly, ilatyň iş üpjünçiliginiň meseleleri hemişe üns merkezinde bolar. Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde durmuş we önümçilik maksatly desgalar işe giriziler, täze iş orunlary dörediler, kiçi we orta telekeçilige goldaw berler.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde nebit, tebigy gaz we elektroenergiýadan başga hem daşary ýurtlara ýurdumyzyň himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalyk pudagynyň ýokary hilli önümlerini ibermegi artdyrmak boýunça işler güýçli depginde alnyp barlar.

Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumlaryny, bilimi we ylmy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berler. Ilatyň saglygyny goramagyň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ösdürmegiň meseleleri hemişe üns merkezinde bolar.

Üns berip diňlänleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, S.Jelilow özüniň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda ähli gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtly durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagy üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ýygnananlary ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter