Balkan welaýatynyň salýawçylarynyň Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy geçirildi | TDH
Saýlawlar - 2017

Balkan welaýatynyň salýawçylarynyň Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy geçirildi

опубликованно 30.01.2017 // 935 - просмотров
 

Şu gün Serdar şäherinde Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär --Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy. Şäheriň medeniýet öýünde geçen duşuşyga ýerli dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Agrar partiýadan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary D.Orazowyň terjimehalyndaky esasy pursatlar bilen tanyşdyrdy. Onuň oba hojalyk ulgamynda uly iş tejribesi, guramaçylyk ukyby, şeýle hem adalatly hem-de ak ýürekli adam hökmünde hormata mynasyp şahsy häsiýetleri bellendi.

Soňra ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özüne söz berildi. Ol özüniň saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. D.Orazowyň belleýşi ýaly, biziň Watanymyz gysga möhletlerde ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe boldy, onuň halkara abraýy örän ýokarlandy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp şygaryň iş ýüzünde hereket edýänligine aýdyň göz ýetirdi.

Häzirki wagtda obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy ulgama goldaw bermek, welaýatlaryň senagatlaşdyrylmagyny tizleşdirmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak möhüm strategiki wezipeler bolup durýar. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Aýdylanlary jemlemek bilen, D.Orazow özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir ýagdaýlaryny düşündirdi. Hususan-da, oba hojalygynyň gün tertibinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýeri gurplandyrmak, bagbançylyk, miwe we bakja önümlerini öndürýän täze hojalyklary döretmek, daýhan birleşiklere we ekerançylara özbaşdak maşyn-traktor parklaryny döretmäge kömek bermek we beýlekiler bellendi.

Ýygnananlaryň sowallaryna jogap berip, dalaşgär suwy rejeli peýdalanmagyň, ýurdumyzyň ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň zerurlygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň ýazylýan eýýamynda mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine her bir raýatyň, şol sanda meniň özümiň hem ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan öňe gitmegi, onuň halkara derejesinde abraýynyň we şöhratynyň artmagy üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrmazlygymyz gerek diýip, D.Orazow belledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter