Balkanabatda maýyplar üçin mugt ýaşaýyş jaýlarynyň köp öýli jaýlaryň gurluşygyna girişildi | TDH
Jemgyýet

Balkanabatda maýyplar üçin mugt ýaşaýyş jaýlarynyň köp öýli jaýlaryň gurluşygyna girişildi

опубликованно 29.01.2017 // 1012 - просмотров
 

Balkanabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün ir bilen welaýatyň merkezindäki 13-nji kiçi etrapçasynda iri ýaşaýyş jaý toplumynda guruljak binanyň ýanynda türkmen toýuna mahsus ýagdaý emele geldi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Ýöritenebitgurnamagurluşyk” trestiniň “Dehistan” nebitçiler Medeniýet köşgüniň folklor-etnografiýa toparlarynyň we beýleki döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Olar milli owazlaryň utgaşmagynda aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalar bilen ýaşaýyş jaýynyň binýadyna ilkinji beton garyndylary atmak dabaralary boldy. Şeýle hem täze ýaşaýyş jaýynyň ýanynda söwda merkezi, çagalar bagy we mekdep hereket edýär. Bu bolsa mümkinçiligi çäkli raýatlar we olaryň maşgalalary üçin has-da ähmiýetlidir.

Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Onuň netijesinde şäherleriň we obalaryň keşbi özgerýär. Senagat, durmuş we medeni maksatly köpsanly döwrebap desgalar bina edildi we olaryň gurluşygy dowam edýär

Halkymyzy dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllaryň dowamynda müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman jaýlaryna göçüp bardylar. Şäherlerde bolşy ýaly, oba ýerlerinde hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy has giň möçberlere eýe boldy. Köpsanly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän täze taryhy eýýamyň asylly ýörelgesine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygyň bähbidine alyp barýan işlerinde ägirt uly üstünlik arzuw edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter