Ahal welaýatynda durmuş goraglylygyna mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşugyna başlandy | TDH
Jemgyýet

Ahal welaýatynda durmuş goraglylygyna mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşugyna başlandy

опубликованно 29.01.2017 // 1037 - просмотров
 

Ahal welaýaty, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde maýyp adamlar hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlenen täze häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy.

Şeýlelikde, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen köp öýli täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Taslama laýyklykda, jaýyň basgançaklary, girelgeleri we tutawaçlary w beýlekileri maýyp adamlaryň mümkinçiliklerine görä üpjün edildi.

Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda ýaşaýyş jaýynyň öýleri häzirki döwürde ýaşaýyş jaý gurluşygyna bildirilýän talaplara doly laýyk geler. Munuň özi belent we ýerleşdirilişi amatly ýagty otaglardan, giň aşhanalardan ybaratdyr.

Dabara gatnaşyjylar desganyň binýadyna ilkinji beton garyndylaryny atmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň, her maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, ähli babatda mynasyp durmuşyny üpjün etmek meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar, türkmenistanlylary häzirki zaman, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter