Türkmenistanda maýyp adamlara niýetlenen mugt ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berildi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda maýyp adamlara niýetlenen mugt ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berildi

опубликованно 29.01.2017 // 985 - просмотров
 

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 20-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi, Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen, dört gatly köp öýli jaýlar bina ediler. Paýtagtymyzyň we welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmasy boýunça olary ýerli gurluşyk kärhanalary gurar. Binalary şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu jaýlardaky öýler maýyp adamlara hem-de durmuş goldawyna mätäç beýleki raýatlara tölegsiz esasda berler. Bu işi biz geljekde hem dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu günler resminama laýyklykda, birnäçe welaýatlarda döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň gydymy ynsanperwerlik we köpasyrlyk ýagşy dessurlaryna daýanýan syýasatynyň möhüm ugruny alamatlandyrýan durmuş maksatly taslamalara badalga berildi. Şanly waka mynasybetli guralan dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, welaýat, şäher häkimlikleriniň, kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Täze binanyň guruljak ýeriniň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, bu meýdança howa şarlary, baýdaklar hem-de beýleki serişdeler bilen bezelipdir. Aýdym-sazlar ýaňlanýar, döredijilik toparlary joşgunly tans, aýdym-saz çykyşlary bilen bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdylar.

Ýakyn günlerde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem şeýle dabaralar ýaýbaňlandyrylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter