Türkmen ýüpekçileri 2017-nji ýylda 2 müň 30 tonna pile taýýarlar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen ýüpekçileri 2017-nji ýylda 2 müň 30 tonna pile taýýarlar

опубликованно 27.01.2017 // 983 - просмотров
 

Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2017-nji ýylda pile taýýarlamak boýunça möwsümi geçirmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu ugurda görülýän çäreler, şol sanda iýmlik binýady bolan tut nahallarynyň ekilişini artdyrmak, ýüpekçileri ýokary hilli gurçuk tohumy hem-de ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmegiň netijeli tehnologiýalary bilen üpjün etmek gaýtadan işleýän kärhanalary çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

2017-nji ýylda taýýarlanylmaly piläniň umumy möçberi 2müň 30 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 485 tonna, Lebap welaýatynda 960 tonna, Mary welaýatynda 405 tonna möçberde taýýarlamakdan ybarat boldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter