Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

опубликованно 11.01.2017 // 928 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we pakistanly diplomat hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Jenap Abdul Malik TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiýetini belledi. Onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Şeýle hem ilçi Pakistana türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamanyň möhümdigini belledi. Nygtalşy ýaly, Pakistan türkmen tarapynyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlaryny goldaýar.

Döwlet Baştutanymyz we Pakistanyň doly ygtyýarly wekili medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda taraplar ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. Ylym we bilim edaralarynyň, döredijilik merkezleriniň derejesinde göni gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter