Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

опубликованно 11.01.2017 // 1168 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň hemişelik wekili, Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi. Ol ynanç hatyny gowşurdy.

Pikir alyşmalaryň barşynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara bildirilýän gyzyklanma tassyklanyldy.

BMG Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny millileşdirip, şol Maksatlary milli meýilnamalara ornaşdyrmagyň üstünde bilelikde işlemäge başlan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny ykrar edýär diýip, hanym Ýelena Panowa aýtdy. BMG-niň wekili Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna Türkmenistanyň goşýan goşandyna, BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ýurduň beýan edýän sebit we dünýä derejeli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Döwlet Baştutanymyz ulag, ählumumy howpsuzlyk, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginden döreýän netijeleriň garşysyna göreşmek ulgamlarynda türkmen tarapynyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň edaralary we düzümleri bilen özara hereket edip, ählumumy gün tertibi boýunça çekişmelere Türkmenistanyň mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşmaga meýillidigini aýtdy.

Hanym Ýelena Panowa Türkmenistan bilen BMG-niň bilim, çagalaryň abadançylygy, saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy ýaly möhüm ugurlarda mundan beýläk-de üstünlikli işlemek üçin tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Bellenilişi ýaly, BMG durmuş-ykdysady taýdan ösüşe, Türkmenistanyň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleri goldaýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baş edarasy ýerleşdi, ähmiýetli halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahat bolup geçdi. Şol günler bu ýerde BMG-niň Wekilhanasynyň täze binasy açyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter