Ýanwar ýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar | TDH
Medeniýet

Ýanwar ýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar

опубликованно 06.01.2017 // 958 - просмотров
 

Ýanwar aýy medeni wakalara baý bolar. 10-njy ýanwara çenli Söwda-senagat edarasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Gökderedäki çagalar sagaldyş –dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabaralary dowam etdiriler. Döwlet sirkinde Russiýa Federasiýasyndan gelen sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär.

Şu aýyň medeni çäreleriniň hatarynda zehinli çagalara hem-de çagalar döredijilik toparlaryna Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bar. Şeýle hem Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, 16-njy ýanwarda Hytaýyň tans we aýdymçy toparynyň çykyşlary bolar. 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralary geçiriler.

Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda bina edilen täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilýän ýerlerinde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda çäreler bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter