TNGZT-da polipropilenden pleýonka öndürjek önümçilik bölüminde sazlaýyş işleri alnyp barylýar | TDH
Ykdysadyýet

TNGZT-da polipropilenden pleýonka öndürjek önümçilik bölüminde sazlaýyş işleri alnyp barylýar

опубликованно 03.01.2017 // 1020 - просмотров
 

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilenden pleýonka öndürjek önümçilik bölüminde sazlaýyş işleri dowam edýär. Ol ýakyn wagtda ulanmaga tabşyrylar. Bu ýerde öndüriljek dürli galyňlykdaky biaksial ugurly polipropilen pleýonkasyna, ilkinji nobatda, azyk öhümlerine niýetlenilen gaplamak üçin serişde hökmünde içerki we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.

TNGZT tarapyndan öndürilýän önümler ýokary oktanly awtomobil benzinlerinden başlap, suwuklandyrylan gaza we polipropilene çenli eýýäm onlarça görnüşleri özünde jemleýär.

Şeýle hem Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda ýokary oktanly benzinleri öndürmek boýunça enjamyň döwrebaplaşdyrylmagy tamamlandy. Desgalar hiliň we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň halkara ölçegleri nazara alnyp bina edildi.

Täze enjamlaryň gurnalmagy hem-de Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy çig malyň oýlanyşykly peýdalanylmagyna, nebitiň gaýtadan işlenilişiniň çuňlugynyň görkezijisiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter