Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 01.01.2017 // 961 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz,

Täze ýyl mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Goý, Täze ýyl bütin dünýäde parahatçylygyň bähbidine bize ösüş getirsin.

Angela Merkel,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal kansleri

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident,

Täze ýyl mynasybetli Polşanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size we ähli türkmen halkyna üstünlik we jan saglyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Sizi çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Anjeý Duda,
Polşa Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Size Täze ýyly öz ýakynlaryňyzyň arasynda garşylamak bilen, bu baýramçylyk günleriniň parahatçylykdan, hoşniýetlilikden hem-de bagtdan doly bolmagyny arzuw edýärin, goý, 2017-nji ýyl Siziň üçin gülläp ösýän we üstünlikli ýyl bolsun.

Raýmonds Weýonis,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size Täze ýylda bagt we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Başar Asad,
Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size we Siziň ýakynlaryňyza Täze ýyl baýramyny şatlykly bellemegi hem-de 2017-nji ýylyň üstünlik we rowaçlyk getirmegini arzuw edýärin.

Jeýkob Gedleýihlekisa Zuma,
Günorta-Afrika Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter