Birža täzelikleri 1-nji Ýanwar | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 1-nji Ýanwar

опубликованно 01.01.2017 // 1030 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, ýangyc mazudyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürlere daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 432 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen jemi 3 million 540 müň manatlyk gaty gurluşyk nebit bitumyny, tehniki kükürdi, azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter