Hususy bölek gant önümçiligini ýola goýýar | TDH
Ykdysadyýet

Hususy bölek gant önümçiligini ýola goýýar

опубликованно 23.12.2016 // 891 - просмотров
 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Hyzmatdaşlar” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ýyllyk kuwwaty 120 müň tonna deň bolan gant önümçiligi boýunça zawody gurmak üçin Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 15 gektar ýer bölünip berildi.

Häzirki wagtda taslama işleri ýerine ýetirildi we bu desganyň binýady tutulýar, ol Ýewropada öndürilen häzirkizaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediler.

Gurluşuk-gurnama işlerini 2018-nji ýylda tamamlamak bellenildi.

Häzirki wagta çenli Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyryny ekmek üçin 1100 gektar ýer bölünip berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter