AOH we HÝAG – halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilleri bellenildi | TDH
Syýasat habarlary

AOH we HÝAG – halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilleri bellenildi

опубликованно 23.12.2016 // 914 - просмотров
 

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (AOH) ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ata Serdarow Türkmenistanyň Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek (HÝAG) baradaky guramanyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün degişli Permanlara gol çekdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter