Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ХV Ýokary Baştutanyny gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ХV Ýokary Baştutanyny gutlady

опубликованно 17.12.2016 // 881 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Malaýziýanyň ХV Ýokary Baştutany Sultan Muhammad V Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta çykmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurdumyzda dostlukly döwletleriň arasynda emele gelen netijeli gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini, bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Onuň Alyjenaby, Sultan Muhammad V berk jan saglyk, bagt, Malaýziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter