Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 13.12.2016 // 901 - просмотров
 

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!

Öz halkymyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkiýäni hem goşmak bilen 185 ýurduň ses bermeginde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolup, dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostluk gatnaşyklaryny ösdürip, sebitde durnuklylygyň hem-de asudalygyň üpjün edilmegine netijeli goşant goşýar.

Siziň Alyhezretiňiziň, meniň gadyrly doganymyň döwlet Baştutanlygyna saýlanmagynyň yzysüre Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesini oňyn Bitaraplyk syýasatynda amal etdi hem-de halkara jemgyýetçiliginde sebitiň dawaly meseleleriniň çözülmeginde parahatçylyk döredijilik wezipesini ýerine ýetirýän döwlet hökmünde abraýa mynasyp boldy.

Bızıň ýurdumyz hem dawaly ýagdaýlara goşulmazlyk, sebit durnuklylygyny saklamak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny goldaýar. Hemişelik Bitaraplygyň 20 ýyllygynyň baýram edilmegine bagyşlanan maslahata gatnaşmagymyň çäklerinde geçen ýyl meniň Aşgabatda bolan mahalym bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirýärin.

Öz güýjüni hem-de gözbaşyny dil, taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan biziň berk dostluk we doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da artmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize, gadyrly doganyma saglyk, bagt, üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Erdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter