Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 12.12.2016 // 850 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen sazlaşykly gatnaşyklary goldamak we berkitmek isleginden ugur alyp, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesi bolan jenap Kristian Bergeri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany wezipesine bellemek kararyna geldi.

Jenap Kristian Bergeriň şahsy hem-de iş aýratynlyklary onuň Siziň Alyhezretiňiziň ynamyny we hormatyny gazanyp biljekdigi barada bizde ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Kristian Bergeri hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de onuň Ýewropa Bileleşiginiň adyndan aýtjak ähli zatlaryna doly ynanmagyňyzy Siziň Alyhezretiňizden haýyş edýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Donald Tusk,
Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Irlandiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak isleginden ugur alyp, Irlandiýanyň Hökümetiniň tabşyrygy hem-de ylalaşmagy esasynda men jenap Edrian Makdeýdi Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Jenap Makdeýdiň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna we ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanýaryn.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Makdeýdiň Size Irlandiýanyň adyndan habar berjek ähli zatlaryna, aýratyn-da, meniň Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we Türkmenistana rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Dostlukly arzuwlar bilen,

Maýkl D.Higgins,
Irlandiýanyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter