Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 11.12.2016 // 993 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen gutlamak meniň üçin uly hormatdyr. Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de halkara howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýurduň pugta ygrarlydygyny beýan edýär.

Geçen 25 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Men Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylandygy üçin Türkmenistana aýratyn hoşallyk bildirýärin. Geçen aýda men bu merkeze hem baryp gördüm. Bu merkez terrorçylyga, gadagan harytlaryň geçirilmegine garşy göreşmek, howanyň üýtgemeginiň meseleleri we dünýäniň gün tertibiniň beýleki möhüm ugurlary boýunça sebit hyzmatdaşlygy höweslendirýär.

Men şeýle hem Aşgabat şäherinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ajaýyp binasynyň açylandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirýärin.

Biz Durnukly ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde, adam hukuklaryny üpjün etmekde, raýat jemgyýetini ösdürmekde Türkmenistanyň Hökümetini goldarys.

Hormatly jenap Prezident, Sizi, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny şeýle ähmiýetli waka bilen gutlaýaryn hem-de geljekde ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Pan Gi Mun,
BMG-niň Baş sekretary

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Sizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bitaraplyk taglymaty örän möhüm ýörelgedir, şol sanda bu ýörelge ÝHHG, dürli halkara guramalary, köp ýurtlar üçin hem möhüm bolup durýar, döwrüň wajyp wezipeleriniň çözülmegine goşant goşýar.

Häzirki wagtda Ýewropada ýüze çykýan garşylyklar hem-de çaknyşyklar bilen baglylykda agzalalyklary ýeňip geçmäge we jebisleşmäge, ýurtlary ýaraşdyrmaga, jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjek pikir hökmünde Bitaraplygyň taglymyna hem-de parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyň ýollaryna ýüzlenmek möhümdir.

Türkmenistan bu işde uly orun eýeläp biler. Bitaraplyk düşünjesi işjeň ýörelgedir. Biz Türkmenistanda degişli parahatçylyk dörediji merkezi döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyk.

Bitarap Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem-de daşky gurşawy goramak boýunça wajyp meseleleriň çözgüdini tapmaga uly goşant goşýar. Men şu işleri ilerletmek hem-de tutuş dünýäniň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti we halky bilen mundan beýläk-de işleşmäge taýýar.

Lamberto Zanýer,
ÝHHG-niň Baş sekretary

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma döredýär.

Bu gün, hakykatdan-da, Türkmenistanyň halky üçin taryhy we ýatdan çykmajak gündür. Çünki bu sene goňşular bilen sazlaşykly gatnaşyklary gurmaga hem-de ýurduň tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge bolan ymtylmasyny beýan edýär.

Pakistan Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär. Türkmenistan bilen doganlyk aragatnaşyklar ruhy-medeni däpleriň umumylygynyň çuňňur köklerine eýedir. Biziň umumy gyzyklanma döredýän ähli ugurlarda özara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga bolan ynamymyz uludyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we uzak ömür, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Meniň Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mamnun Huseýn,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti

***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Milli baýram—Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de arzuwlarymy kabul ediň.

Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiliginiň hemme agzalary tarapyndan biragyzdan ykrar edilen we goldanylan Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Siziň ýurduňyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet syýasatynyň binýatlyk esasyna öwrüldi. Şol syýasat beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgeleri esasynda pugta parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň kanunçylyk taýdan berkidilmegi iri möçberli jemgyýetçilik-syýasy hem-de yzygiderli durmuş-ykdysady özgertmeleri netijeli durmuşa geçirmäge, dünýäniň ähli döwletleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de goňşy ýurtlar we halklar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etdi.

Özbegistanda, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň oýlanyşykly hem-de sazlaşykly daşary syýasat strategiýasyny pugta we yzygiderli goldaýarlar.

Siziň dünýäde we sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitimiziň ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşine, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň giňeldilmegine hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdirilen öňe sürýän başlangyçlaryňyz giň halkara ykrar edilmegine mynasyp boldy hem-de iş ýüzünde üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Pugsatdan peýdalanyp, hut Siziň özüňiz tarapyndan goldanylan özbek-türkmen syýasy gepleşikleriniň örän işjeňleşendigini, ministrliklerimiziň we pudak edaralarymyzyň, hojalyk edaralarynyň ugurlary boýunça hökümet derejesindäki özara alyşmalaryň ýygjamlaşandygyny, şeýle hem sebitara derejesinde ysnyşykly gatnaşyklary uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligini ebedileşdirmek boýunça Siziň tüýs ýürekden islegleriňiz hem-de görýän anyk çäreleriňiz aýratyn hormata mynasypdyr. Özbek halky Siziň asylly we hoşniýetli ymtylmalaryňyza çuňňur sarpa goýýar hem-de olary hakydalarynda baky saklar.

Siziň bilen ýakyn wagtda duşuşmaga umyt bildirip, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny hem-de Siziň jogapkärli döwlet işleriňizde täze üstünlikleri, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Size çuňňur hormat goýmak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we ähli türkmen halkyny milli baýram bolan Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy Siziň döwletiňiziň durnukly ösüşiniň we rowaçlygynyň girewi bolup hyzmat etdi, onuň halkara derejesindäki abraýyny berkitdi.

Diňe parahatçylyk we howpsuzlyk jemgyýetiň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmäge ukyplydyr. Şoňa görä-de, Belarus Türkmenistan ýaly ähli hyzmatdaşlary bilen birek-birege hormat goýmak esasynda we deňhukukly gatnaşyk etmäge ymtylýar.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ynanyşmaga we özara goldamaga esaslanan belarus-türkmen gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň bähbitlerine mundan beýläk-de çuňlaşjakdygyna berk ynanýaryn.

Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de döwlet işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we hoşniýetlilik arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ukrainanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz Türkmenistan öz daşary we içeri syýasatynda Bitaraplyk, parahatçylyk döredijilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesinden ugur alyp, bütin dünýäde giňden ykrar edilmäge we hormat goýulmaga mynasyp boldy.

Wagtyň synagyndan geçen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň döwletlerimiziň halklarynyň gülläp ösmeginiň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşjakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, berk jan saglyk, döredijilik ýolunda egsilmez güýç-kuwwat we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Pýotr Poroşenko,
Ukrainanyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter