Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 11.12.2016 // 985 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Stambul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter