Daşoguz GDA-nyň medeni paýtagty hökmündäki işini jemledi | TDH
Medeniýet

Daşoguz GDA-nyň medeni paýtagty hökmündäki işini jemledi

опубликованно 07.12.2016 // 1413 - просмотров
 

Daşoguz, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň merkezinde Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmündäki wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Ýylyň çärelere baý maksatnamasynyň jemleýji wakasyna gabatlanyp, GDA girýän döwletleriň ýerine ýetirijileriniň estrada konserti boldy.

Türkmenistanyň Daşoguz şäherine bu hormatly derejäni bermek hakynda çözgüt 2015-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşinde kabul edildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu waka Türkmenistanda amala aşyrylýan, milletiň ruhy we intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmaga, milli medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary aýawly saklamaga, hemmetaraplaýyn öwrenmäge hem-de artdyrmaga gönükdirilen medeni strategiýa bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamda GDA gatnaşyjy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hataryna girýär. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen bu birleşigiň giňişliginde açyk hem-de deň hukukly esasda gatnaşyklaryň tarapdarydygyny iş ýüzünde görkezýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, hem-de öňe gidişligiň bähbidine oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Türkmen şäherleriniň eýýäm ikinjisiniň bu derejä eýe bolmagy Türkmenistanyň halkara ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde tagallalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmegidir.

«Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» Döwletara maksatnamasy barada Düzgünnama 2012-nji ýylda, şol wagt GDA-da başlyklyk edýän Türkmenisitanyň paýtagtynda geçirilen döwlet baştutanlarynyň Geňeşinde tassyklandy. Maksatnama gysga wagtda medeni gatnaşyklary giňeltmek, GDA giňişliginde bilelikdäki medeni çäreleri geçirmekde halkara jemgyýetçiliginiň habardarlygyny we gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak maksadynda jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde wajyp tapgyr hökmünde özüni görkezdi.

Daşoguz şäheri Arkalaşygyň medeni paýtagty atly abraýly derejä, edil ozal Mary ýaly, özüniň iňňän baý taryhy- medeni mirasy mynasybetli eýe boldy. Türkmeniň dünýä meşhur toý-meýlisleriniň mekany gadymy Daşoguz topragy mukaddesdir. Häzirki wagtda ol özüniň gadymy medeniýeti we taryhy ýadygärlikleri bilen meşhurdyr. Muny Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bu hormatly dereje şähere gadymy taryha hem-de baý milli medeniýete ünsi çekmäge hem-de bu ulgamda häzirki döwürde Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini görkezmäge mümkinçilik berdi. 400 ýaşy arka atan Daşoguz häzirki zaman infrastrukturasyny taryhy mirasa aýawly çemeleşmek bilen düýpli utgaşdyrýar. Siwilizasiýanyň bu gadymy ojagy sungatyň, binagärligiň, onlarça senetleriň ajaýyp nusgalaryny dünýä ýüzüne peşgeş berdi. Biziň ýurdumyzyň demirgazyk sebidinde XII- XIII asyrlaryň sepgidinde Köneürgenç türkmenleriniň uly hem kuwwatly döwleti gülläp ösüpdir. Ol ýerde beýik alymlar hem-de filosoflar, belli binagärler we şahyrlar,tanymal lukmanlar ýaşapdyrlar hem-de döredipdirler, meşhur sopylar hem ruhanylar sapak beripdirler.

Türkmen halkynyň abraýyna abraý goşup, dünýä ylmynyň we medeniýetiniň ösüşine örän uly goşant goşan Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary, Abu Reýhan Biruny, Awisenna, Mahmyt Pälwan, Nurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende, Gurbanaly Magrupy ýaly meşhur şahsyýetleriň ady giňden meşhurdyr. Welaýatda Gündogar aýdymçy-sazandalarynyň hemaýatkäri Aşyk Aýdyň piriň aramgähi hem-de döredijilik adamlarynyň zyýarat edýän ýerine öwrülen ýerde onuň hormatyna dikeldilen metjit bar. Bu ýerde, meşhur piriň ýadygärliginiň golaýynda , türkmeniň iň esasy saz guraly bolan dutaryň ajaýyp ýadygärligi dikeldilipdir.

Daşoguzdan ýüz kilometr uzaklykda dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda öçmejek yz goýan Köneürgenç ýerleşýär. Ol ýerde Nejmeddin Kubra piriň aramgähi, onuň ýanynda keramatlylaryň ruhunyň aram tapan ýeri bolan «Üç ýüz altmyş piriň» kümmetleri bar. UNESKO tarapyndan bütindünýä medeni mirasyň desgasy hökmünde ykrar edilen «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän, biziň günlerimize çenli saklanan ýadygärlikler Köneürgenç binagärliginiň geçmişdäki ýeten beýik derejesinden habar berýär.

Bu ülkäniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşeni sebäpli bu ýerde iri kerwensaraýlar gurlup, onda dünýäniň ähli künjeklerinden bolan söwdagärler düşläpdirler. Bularyň hemmesi medeniýetleriň özara ornaşmagyna ýardam beripdir. Munuň özi bolsa umumyadamzat ruhy gymmatlyklarynyň emele gelmegine oňyn täsir edipdir.

«Arkalaşygyň 2016-njy ýylda medeni paýtagty» çäreleriniň maksatnamasy Daşogza şäheriň medeni durmuşyny has baýlaşdyrmak we joşgunly etmek üçin ajaýyp mümkinçilik berdi. 30-njy martda bu maksatnamany amala aşyrmaga dabaraly ýagdaýda badalga berlen pursadyndan başlap, bu ýerde dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň alymlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik we ylmy gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen halkara derejesindäki çäreleriň tutuş toplumy geçirildi.

Bu wakanyň Türkmenistan bilen GDA ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekde, halkymyzyň milli baýlyklaryny we ruhy gymmatlyklaryny dünýä giňden ýaýmakda ähmiýeti dabara gatnaşyjylara Gutlag hatyny ýollan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan nygtalýar.

Taslamanyň çäklerinde meýilleşdirilen iri göwrümli çäreler, konsertler şäheriň ýaşaýjylarynda uly gyzyklanma döretdi hem-de olara köpsanly şatlykly duşuşyklary, täze açyşlary peşgeş berdi. Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň hem-de GDA gatnaşyjy ýurtlaryň birnäçesiniň belli artistleriniň we aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert şeýle çäreleriň ilkinjisi boldy.

Şol günler, özüniň binagärlik keşbinde gadymy Köneürgenjiň ussatlaryna şöhrat getiren, milli binagärlik däplerini jemlän Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde serginiň açylyşy boldy. Onda Russiýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we biziň ýurdumyzdan bolan suratkeşler tarapyndan hödürlenen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Daşogzuň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde, myhmanlar «Köneürgenç»döwlet taryhy-medeni goraghana bardylar hem-de UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşdylar. Olar bu gyzykly gezelenjiň barşynda beýik seljuklar eýýamynyň kuwwadyna hem-de döredijilikli başlangyçlaryna göniden-göni öz ýerinde baha bermäge mümkinçilik aldylar.

«Türkmenistan ruhy-medeni gymmatlyklara baý ülke» atly ylmy-amaly maslahat ähmiýetli çäreleriň biri boldy. oňa edebiýaty öwrenijiler, medeniýeti öwrenijiler, sungaty öwrenijiler, taryhçylar, dilçiler, binagärler, hem-de GDA ýurtlarynyň ynsanperwer ulgamyndan beýleki wekiller gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ylmyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudak institutlarynyň, ýurdumyzyň milli merkezleriniň alymlary, muzeý we kitaphana işleriniň hünärmenleri, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň we ýörite orta mekdepleriniň mugallymlary wekilçilik etdiler.

«XXI asyrda medeni gatnaşyklaryň ösüşi», «Daşoguz welaýatynyň maddy we ruhy gymmatlyklary» atly bölüm mejlislerinde maslahata gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň maddy we maddy däl miraslaryny, edebi ýadygärliklerini öwrenmekleriniň netijelerini, türkmen halkynyň adamzadyň ösüşine uly täsirini tassyklaýan täze ýazuw çeşmeleriniň we taryhy tapyndylaryň gözlegi barada pikir alyşdylar.

Aýry-aýry çykyşlar orta asyrlaryň alymlaryna, olaryň astronomiýa, fizika, himiýa, matematika, mineralogiýa, geografiýa, filosofiýa ýaly ylymlaryň ösüşine goşan goşantlaryna bagyşlandy. Toplanan tejribäniň we ylmy gazananlaryň mundan beýläk hem özara alyşmalary türkmen halkynyň, şeýle hem sebitdäki beýleki halklaryň taryhyny we ruhy-medeni mirasyny has doly hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam eder.

Halkara maslahatynyň geçýän günlerinde welaýat merkezinde amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi hem geçirildi. Onda ýurdumyzyň çaphana önümleriniň, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarymyz—ýyndam ahalteke bedewleri, gözelligi hem hili boýunça haýran galdyrýan türkmen halylary, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň bejeriş häsiýetleri hakynda gürrüň berýän eserleri, şeýle hem Daşoguz welaýaty barada ylmy edebiýatlar bar.

Arkalaşyk – 2016-nyň medeni pýtagtynda şu ýylyň ikinji ýarymynda birnäçe çäreler geçirildi. «Kitap—hyzmatdaşlygyň we öňe gidişligiň ýoly» atly XI Halkara kitap sergi - ýarmarkasynyň çäklerinde GDA ýurtlarynyň neşir önümleri görkezildi. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Halklaryň gadymy mirasyny aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde kitabyň ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň kitaphana işiniň alymlary we hünärmenleri, olaryň Arkalaşyga girýän döwletlerden gelen kärdeşleri gatnaşdylar.

Noýabr aýynda «Görogly şadessanynyň dünýä medeniýetinde ähmiýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Oňa GDA agza ýurtlaryň alymlary hem-de olaryň türkmen kärdeşleri gatnaşdylar. Bu duşuşyk halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.

Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde geçirýän çäreleriniň maksatnamasyna welaýatyň medeni we ylmy merkezlerine, onuň taryhy ýerlerine aýlanmak yzygiderli girýär. Şäheriň paýtagtlyk wezipesini tamamlamagyna bagyşlanan bu jemleýji dabara gatnaşyjylara hem welaýatyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan, ýurdumyzyň baý taryhynyň we medeniýetiniň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bu ýerde dogduk diýaryň ajaýyp tebigatyny hem-de onuň taryhy ýadygärliklerini öz suratlarynda janlandyran daşoguzly suratkeşleriň eserleri görkezilipdir.

Türkmen halk sazlaryny we nusgawy şygryýeti giňden ýaýýan meşhur halk sazandalarynyň döredijiligine bagyşlanan muzeý gymmatlyklary kösanly myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Aýawly saklanan gymmatlyklar ýüz ýyldan gowrak döwri arka atyp, halk döredijiliginiň ýerli wekilleri barada gürrüň berýärler. Bu ýerde surat resminamalary hem-de milli saz sungatynyň altyn hazynasyna giren türkmen dessanlaryny iň oňat ýerine ýetirijileriň çykyşlary saklanýar.

Muzeýiň girelgesinde myhmanlar bilen duşuşyk üçin taýýarlanan etnografiýa sergisinde iň oňat däp-dessurlaryň nesilden-nesle geçijiligi aýdyň beýanyny tapýar. Bu sergi daşary ýurtly wekillerde uly gyzyklanma döretdi. Welaýatyň döredijilik toparlarynyň, şol sanda zenan bagşylaryň täsirli çykyşlarydostluk baýramçylygyna şatlyk-şowhunynyň üstüni ýetirdi.

Ýene bir ylmy medeni merkez bolan welaýat kitaphanasy bu dabara gatnaşyjylary öz gaznasy, kitaplaryň taryhy muzeýi, kaşaň binalary we olaryň tehniki taýdan üpjünçiligi bilen tanyşdyrdy.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň möhüm wakalarynyň hataryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýeti mundan beýläk hem ösdürmek, kitaphana işini we bu pudakda ilata edilýän hyzmaty kämilleşdirmek maksady bilen kabul eden Kararyna laýyklykda Türkmenistanda döredilen ýeke-täk elektron kitaphana ulgamynyň taslamasyny goşmak mümkin. Maglumatlaryň elektron esasy paýtagtymyzyň we welaýatlaryň merkezi kitaphanalarynyň 76-syny özünde birleşdirdi. Indi ýurdumyzyň islendik künjegindäki okyjylar bu kitaphanalaryň kitaplaryndan peýdalanyp bilerler.

Dabara gatnaşyjylar şeýle hem bu bilimler köşgüniň gümmezeniň astyndaky obserwatoriýasyna baryp gördüler. Şol wagt bu ýerde astronomiýany söýüjileriň gurnagynyň işi gidýärdi. Ýeri gelende bellesek, welaýat kitaphanasy şäheriň iň bir gelim-gidimli ýeri bolup durýar. Şu gün bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan” kitabynyň hem-de çagalar üçin täze neşirleriň tanyşdyrlyşy bolup geçdi.

Ýörite şanly waka niýetlenip, kitaphananyň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilen eserleriniň, şeýle hem türkmen ýazyjylarynyň we olaryň Arkalaşygyň ýurtlaryndan bolan kärdeşleriniň eserleriniň terjimeleri, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň taryhyna bagyşlanan eserleriň sergisi guraldy.

Ähli ýerde myhmanlary folklor-etnografiýa toparlarynyň, bagşy- sazandalaryň aýdym-tanslar bilen garşylandyklaryny bellemek gerek. Daşoguz ençeme asyrlaryň dowamynda özüniň bagşy-sazandalary bilen şöhrat gazanandyr.

Daşogzuň dabaraly çäre geçirilýän ýeri bolan Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Bu ýerden şäheriň merkeziniň ajaýyp görnüşi açylýar. Belent sanjakda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýar. Onuň ýanynda türkmen halkynyň “Görogly” eposynyň baş gahrymanynyň ýadygärligi ýerleşýär. Bu ýerde gurnalan we Daşoguz welaýatynyň halkyna mahsus bolan görnüşler bilen bezelen gündogar äheňindäki örtükler dabara gatnaşyjylara taryhy görnüşlere aralaşmaga mümkinçilik berýär.

Milli lybasyna beslenen gyzlar myhmanlary däp bolşy ýaly duz-çörek, toý pişmesi, gündogar nazy-nygmatlary bilen garşylaýarlar. Ruhyýet köşgüniň ýanynda özboluşly bölümler we sekiler gurnalyp, olarda halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, baý medeni mirasy we sungaty barada gürrüň berýän gymmatlyklar goýlupdyr. Sergide milli senetkärçilik ulgamynyň önümleri, milli lybaslar, keşdeler we tebigy reňklere boýalan matalar, ajaýyp halylar we haly önümleri, nepis şaý-sepler, küýze önümleri, halk saz gurallary, türkmen durmuşyna degişli serişdeler we şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezilýär. Bu ýerde bedew atyň nepis bezegleri – agyzzyryk, boýunturyk, eýer we beýlekiler görkezilýär. Bu gymmatlyklar bilen adamlar gadym zamanlardan bäri özleriniň dünýä ýüzünde şöhrat gazanan ahalteke bedewlerini bezäp-besläpdirler.

Görkezme diwarlyklarynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň gadymy taryhy barada gürrüň berýän neşir önümleri ýerleşdirilipdir. Kitap diwarlyklarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işlerine we çeper eserlerine aýratyn orun berlipdir.

Myhmanlar senetçilik sungatynyň nusgalaryna, şol sanda milli saz gurallarynyň, keramiki gap-çanaklaryň, garaköli bagana önümleriniň, keçeleriň, halylaryň, keşdeleriň taýýarlanylyşyna uly gyzyklanma bildirdiler.

Aýratyn bölüm türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde olardan taýýarlanan melhemli içgileri dadyp görmek hem mümkin.

Bu sergi halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelen baý ruhy mirasynyň özboluşlylygyny äşgär edýär. Bu etnografik serginiň görnüşleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan öz habarlarynda giňden ulanylandygy bellärliklidir. “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasy göni ýaýlymda gepleşik alyp barmakda bu ýerden peýdalandy.

Ähli ýerde milli sazlar ýaňlanýar we özboluşly döredijilik ruhy galkynyşy emele geldi. Şeýle hem bu ýerde GDA agza döwletleriň baýdaklary al-asmanda pasyrdaýar. Deprek sesi dabaranyň başlaýandygyny habar berýär. Welaýatyň döredijilik toparlary dabara gatnaşyjylara ajaýyp baýramçylyk sowgady taýýarladylar. Aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny alamatlandyrmak bilen türkmen halkynyň pederlerimiziň medeni gymmatlyklaryna bolan aýawly gatnaşyklaryny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Parahatçylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban topragymyzyň gülzarlyga öwrülmegi, türkmen halkynyň abadançylygy barada milli aýdymlar ýaňlanýar.

Giň eýwanda myhmanlary ýaşajyk skripkaçylar topary garşylady, olar dünýä we milli nusgawy saz eserlerini ýerine ýetirdiler.

Ruhuýet köşgünde dabara gatnaşyjylaryň köpsanlysy – Medeniýet ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler hem-de köpsanly ýaşlar ýygnandylar. Ýaşlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary bar. Olar 2-3-nji dekabrda ýurdumyzda geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ders olimpiadasyna gatnaşdylar hem-de baýrakly orunlaryň 24-sini eýelediler!

Dabara gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda – GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasynyň, Arkalaşygyň medeniýet ulgamynyň, şeýle hem “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň wekilleri bar.

Alyp baryjylar Daşoguz şäheriniň GDA-2016-nyň medeni paýtagty derejesiniň tamamlanmagy mynasybetli resmi dabaranyň başlanýandygyny yglan edýärler hem-de dabara gatnaşýanlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary derejeli halkara çäresini geçirmäge döredilenmümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri göwrümli işleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw edýärler.

Soňra ýygnananlara şu ýylyň dowamynda üstünlikli geçirilen medeni we ylmy çäreler barada wideofilm görkezildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Konysbek Žusupbekowa söz berilýär, ol Türkmenistanyň Prezidentine netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny ösürmäge uly üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de özüniň wekilçilik edýän guramasynyň adyndan Daşoguz şäherini 2016-njy ýyldaArkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde ýerine ýetiren hormatly wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady.

Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 25 ýyllygy bellenilýär. GDA ýurtlarynyň goşulyşmagynyň ynsanperwer esaslary halklaryň köpasyrlyk, taryhy we medeni umumylyklaryna daýanýar diýip, çykyş edýän aýtdy.

Daşogzuň medeni paýtagt hökmünde ähmiýetini nygtap, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen ýylda geçirilen çäreleriň örän wajypdygyny belledi.

2011-nji ýyldan bäri 13 sany şäher medeni paýtagt diýlip yglan edildi. Olaryň arasynda gadymy türkmen şäheri Mary hem bar. GDA-da medeni gatnaşyklar yzygiderli kämilleşip, täze görnüşe we mazmuna eýe bolýar. Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip saýlanan her bir şäher bu döwletara gatnaşyga öz öwüşginini goşýar. Eger-de Daşoguz barada aýtmaly bolsa ony ilki bilen abadançylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik we açyk göwünlilik tapawutlandyrýar. Ol bu hormatly wezipäni mynasyp ýerine ýetirdi. Muny Türkmenistanda guralan köpugurly, gyzykly we öwreniş häsiýete eýe bolan çäreler aýdyň tassyklady. Olary sanap, Konysbek Žusupbekow bu çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolup, köpsanly gyzykly duşuşyklara baý bolandygyny hem-de GDA giňişliginde ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigini belledi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary öz çykyşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň önjeýli häsiýete eýedigini aýratyn nygtady hem-de häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň muny aýdyň görkezýändigini belledi. Oňa we biziň ýurdumyza gelen köpsanly wekiliýetleriň agzalaryna şu ýyl şeýle üstünlikleriň gazanylýandygyny gözi bilen görmek miýesser etdi. “Biz Daşoguz welaýatynda döwrebap kottej şäherjiginiň açylyşynyň şaýady bolduk. Halkyň aýdyşy ýaly ”müň eşidenden, bir gezek gören ýagşy”. Biz hem ýurduň Prezidentiniň tagallalary netijesinde hem-de ýolbaşçylygynda Türkmenistanda şunuň ýaly durmuş ugurly maksatnamanyň amala aşyrylýandygyny öz gözümiz bilen gördük”.

Welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylaryna, ähli ýaşaýjylaryna çäreleri geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Konysbek Žusupbekow myhmansöýer Daşoguz özüniň döredijilik däplerini aýawly saklar hem-de artdyrar, mundan beýläk hem Arkalaşygyň giňişliginde medeni mümkinçilikleriň birleşdirilmegine we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşar diýip ynam bildirdi hem-de türkmenistanlylara saglyk, bagt we gülläp ösüş arzuw etdi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary öz çykyşynyň ahyrynda 2017-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty wezipesini Azerbaýjanyň Gýanja şäheriniň kabul edýändigini habar berdi.

Dabaranyň barşynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki wagtda Türkmenistanda geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň oňyn ähmiýeti aýratyn bellenildi, ol özgertmeler türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmäge, gorap saklamaga hem-de onuň maddy we ruhy mirasyny wagyz etmäge, ylmy barlaglary işjeňleşdirmäge, bu işlere daşary ýurtlaryň belli hünärmenlerini çekmäge ýardam berýär.

Daşoguzlylaryň adyndan şäher häkimliginiň ýolbaşçysy Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezine bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirdi hem-de geçirilen ähli çäreleriň döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly hem-de medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýyldaGaraşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmünde wezipesiniň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň möhletiniň tamamlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda Türkmenistanyň Baştutanyna ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge beren goldawy, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine berilýän aýratyn üns üçin çuňňur hoşallyk beýan edilýär.

Dabaralar tamamlanandan soň uly baýramçylyk konserti boldy, onda Türkmenistanyň we Arkalaşygyň ýurtlarynyň birnäçesiniň sungat ussatlary çykyş etdiler. Täsin gündogar köşgüni şekillendirýän görnüşleriň esasynda guralan tomaşada medeniýetleriň özara gatnaşygy, halklaryň dostlugy, olaryň döredijilik gatnaşyklarynyň taglymy beýan edildi.

Bu pikir baýramçylyk maksatnamasyny açan “Türkmenistan – parahatlyk mekany!” atly edebi-sazly çykyşda öz beýanyny tapdy, ony teatr artistleri, folklor we tans toparlary ýerine ýetirdiler. Ruhuýet köşgünde geçirilen konsertde ýurdumyzyň gadymy taryhyny, türkmenleriň köp nesilleriniňisleg-arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasyny - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän sözler belentden ýaňlandy.

Gysga görnüşli sahna oýnunda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik däpleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan hem-de häzirki wagtda aýawly saklanýan halkymyzyň medeni mirasy barada çeperçilik usulynda gürrüň berilýär.

Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Belarusuň belli artistleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda Arkalaşygyň halklarynyň özboluşly däp-dessurlary görkezildi. Tomaşaçylar aýdyň öwüşginli milli lybaslarda çykyş eden zehinli artistleri gyzgyn garşyladylar.

Tomaşaçylar “Görogly” dessanynyň şahalaryndan bölekleri tolgunma bilen diňlediler. Mälim bolşy ýaly, dessanlary aýdyp bermegiň täsirli usullary Daşoguz welaýatynyň aýratynlygyny görkezýän özboluşly sungatdyr, “Görogly” dessany 2015-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň desssançylyk sungatynyň kämil nusgasy hökmünde UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Eziz Watanymyza, onuň ajaýyp tebigatyna, söýgä we dostluga bagyşlanan häzirkizaman estrada aýdymlary ýokary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň ählisi ýokary ussatlyga, milli däp-dessurlara aýawly çemeleşmek ruhuna ýugruldy.

Dostluk baýramynyň ahyrynda gadymy “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi, ol türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Konsert maksatnamasyny eziz Watanymyza – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Dostluk daragty” atly aýdym jemledi. Onuň ýaňlanan mahaly konserte gatnaşyjylaryň ählisi sahna çykdylar.

Daşoguz şäheriniň Arkalaşyk – 2016-nyň medeni paýtagty hökmünde hormatly wezipäni üstünlikli ýerine ýetirendigini alamatlandyrýan dabaralar Türkmenistanyň ýokary ruhy baýlygyň we medeniýetiň gadymy merkezleriniň biri hökmünde häzirki wagtda hem sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup çykyş edýändigini, dünýä bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen ynsanperwerlik gymmatlyklary esasynda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter