Paýtagtymyzyň howa menziliniň halkara abraýy ýokarlanýar | TDH
Ykdysadyýet

Paýtagtymyzyň howa menziliniň halkara abraýy ýokarlanýar

опубликованно 03.12.2016 // 1218 - просмотров
 

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen iri Halkara howa menziliniň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, sebitara we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde daşary ýurtlaryň köpçüliklýin habar beriş serişdeleriniň ýokary gyzyklanmalaryny şertlendirýär.

Paýtagtymyzyň täze howa menzili Britaniýanyň dünýäniň has tapawutly saýylýan binalarynyň suratlaryny ýerleşdirýän we olar barada maglumat berýän meşhur “International Property and Travel” neşiriniň nobatdaky sanynyň sahypalarynda görnükli orun eýeledi.

Dünýä ýüzünde abraýly hasaplanylýan özüne çekiji hem-de ýokary bezegli bu žurnalyň okyjylary örän köpdür, ol biznes derejeli iri awiakompaniýalaryň 58-siniň ýolagçylaryna ýaýradylýar. Indi bu žurnalyň okyjylary paýtagtymyzda gurlan ulanmaga berlen ajaýyp howa menzili barada maglumat almak mümkinçiligine eýe boldular. Žurnalyň täze sanynda sebitde iň iri howa menzili toplumynyň ähmiýeti we esasy aýratynlyklary hem-de ganatlaryny geren laçynyň şekilindäki binanyň bezeg işleri, enjamlaşdyrylyşy hem-de onda ýolagçylar we işgärler üçin döredilen şertler barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzili dürli görnüşdäki we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyply bolup, şol bir wagtyň özünde ýokary halkara ülňülerine laýyk derejedäki hyzmatlary ýola goýýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş howa menzili dünýäde öňdebaryjy diýlip ykrar edilen iri howa menzilleri bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýär. Onda täze ýokary tehnologiýalar, döwrebap aýronawegasiýa düzümi ornaşdyryldy we bu ýerde hyzmatyň ýokary hil derejesi üpjün edildi.

Žurnaldaky makala örän bezegli suratlar bilen utgaşdyrylyp, olar Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýolagçy terminallarynyň içki we daşky bezegleri, enjamlaşdyrylyşy barada gürrüň berýär. Ägirt uly guşuň şekilindäki bu howa menziliniň artykmaçlyklary dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekýär.

Täze howa menziliniň binagärlik çözgüdi, onuň taslamalaşdyrylyşy we gurluşygy bu iri desgalar toplumynyň “Konstruktion Excllense Award” halkara sylagyna mynasyp bolandygy barada halkara ähmiýetli “International Property and Travel” neşiri giňişleýin gürrüň berýär.

Bu sylag Aşgabadyň halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda şu žurnaly esaslandyryjy Stýuard Şild tarapyndan gowşuryldy.

Şeýle hem jenap Stýuard Şilde dünýäde binagärlik babatda iň abraýly hasaplanylýan “International Property Awerds” sylagynyň Prezidenti bolup durýar. Onuň belleýşi ýaly, dünýäniň iň iri taslamalaryna şeýle baýrak 26 ýyl bäri gowşurylýar. Aşgabadyň täze halkara howa menziliniň binagärlik çözgüdi onda örän uly täsir galdyrypdyr.

Şol gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzili döwrebap binasynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we birnäçe abraýly halkara baýraklaryna mynasyp boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter