Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

опубликованно 25.11.2016 // 920 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Özbegistanyň Pezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji we Premýer-minisri Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwyny ýetirdi. Özbek hökümetiniň baştutanynyň birinji orunbasary şeýle iri we wekilçililki foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Bu maslahatyň Aşgabatda geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň örän ýokarydygyna hem-de onuň döredijilikli başlangyçlarynyň giňden goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny aýdyp, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, sebit hem-de dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny görkezýändiklerini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, durli pudaklarda işewür hem-de netijeli gatnaşyklary höweslendirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Şunda ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Asyrlaryň dowamynda iki ýurduň halklaryny birleşdirip gelen medeni we ruhy däpleriň umumylygy şol gatnaşyklaryň özenini düzýär.

Ählumumy maslahatyň gün tertibine geçirilen meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň, hususan-da, häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelýän utgaşykly ulag düzümini döretmek ýaly möhüm ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi barada hem özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Özbegistan 2011-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen Orta Aziýa—Ýakyn Gündogar ugry boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşyga gatnaşýarlar. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag ulgamynda beýleki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara gatnaşyklar üçin hem amatly şertler bar.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat forumynyň ähmiýeti bellenildi. Bu maslahat oňyn pikir alyşmak, dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmek babatda anyk meýilnamalary we teklipleri işläp taýýarlamak üçin açyk meýdança bolmalydyr. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy sebit we dünýä derejesindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam bermäge çalşyp, ählumumy abadançylyga hem-de ösüşe saldamly goşant goşýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter