Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 24.11.2016 // 932 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz,

Awstriýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, Milli Geňeşiň Prezidentleri, Federal Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirijiler jenap Gerhard Saýlleri Siziň Alyhezretiňiziň ýanynda Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde resmi taýdan bellediler.

Belent şahsy häsiýetleri hormatly wezipäni ýerine ýetireninde, onuň Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna we ynamyna mynasyp bolmaga çalyşjakdygyna ynanmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Prezidentleri, Federal Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirijiler Siziň Alyhezretiňizden jenap Gerhard Saýlleri kabul etmegiňizi hem-de onuň biziň adymyzdan we Awstriýanyň Federal Hökümetiniň adyndan Size aýtjak ähli zadyna doly ynanmagyňyzy haýyş edýär.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Milli Geňeşiň Prezidentleri, Federal Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirijiler Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we Türkmenistanyň gülläp ösmegi baradaky iň oňat arzuwlaryny, şeýle hem çuňňur hormat goýýandyklary baradaky we tüýs ýürekden dostlukly ynandyrmalaryny ýollaýarlar.

Doris Bures,
Milli Geňeşiň Prezidentleriniň, Awstriýa Respublikasynyň
Federal Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijileriň adyndan

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter