Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 18.11.2016 // 975 - просмотров
 

Hormatly jenap Prezident,

2016-njy ýyl Sloweniýa we Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir, çünki döwletleriňi ikisi hem Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyny belleýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de Siziň ýurduňyza hemmetaraplaýyn ösüş we türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Üç ýyl mundan ozal, biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl doldy. Soňky ýyllarda köpsanly duşuşyklaryň, şol sanda Siziň 2015-nji ýylda bolan resmi saparyňyzyň netijesinden gatnaşyklarymyzyň berkändigini bellemek ýakymlydyr. Şol saparyň barşynda biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýandygymyzy tassykladyk.

Siz 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny ýurduňyzyň içinde we halkara derejesinde, şol sanda biziň wekillerimiziň gatnaşmagynda dabaraly çäreler bilen belläp geçdiňiz.

Şunuň bilen baglylykda, biziň umumy bähbitlerimize uly mümkinçiliklere eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Ähli ulgamlarda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin mundan beýläk hem tagalla etjekdigime Sizi ynandyrýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Borut Pahor,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter