Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy boýunça maslahat geçirilýär | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy boýunça maslahat geçirilýär

опубликованно 16.11.2016 // 1140 - просмотров
 

Aşgabat, 16-njy noýabr /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň 47-nji mejlisi işini dowam etdi. Mejlise Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirmäge gönükdirilen täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamakdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, bu babatdaky anyk teklipler 2010-njy ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda hem-de 2014-nji ýylyň sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji we dördünji maslahatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan beýan edildi. Türkmen Lideriniň Hazarda iş alyp barmagyň dürli görnüşlerini düzgünleşdirýän hökümetara ylalaşyklarynyň toplumyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan goldanyldy.

Bilermenleriň derejesindäki häzirki iş maslahatynyň barşynda türkmen tarapynyň işläp taýýarlan ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taslamasy boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, Hazar sebiti häzir Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy, ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biri bolup durýar. Şondan hem bu ýerde takyk hukuk kadalaryna hem-de Hazarýaka ýurtlarynyň bähbitleriniň nazara alynmagyna esaslanan halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy has-da ähmiýetli bolýar.

Hazar bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan orun eýeleýär. Bu ugurda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty alyp barýar. Sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda işjeň orun eýeleýän Türkmenistan parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek işine, Hazar deňziniň döwletleriniň giňden netijeli özara gatnaşyk etmegine, köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklar bilen birleşen halklaryň arasynda dostlugy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

Yklym ähmiýetli iri aragatnaşyk halkasy hökmünde Hazar deňziniň mümkinçiliginiň has doly peýdalanylmagy Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda bolşy ýaly, olaryň dünýä bazarlaryna çykmagy babatda hem söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny uly möçberde giňeltmegiň geljegini açýan strategik ugurdyr. Hususan-da, Hazar sebitleýin ulag-logistika merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutýan ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk hut şoňa gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ulgam dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň netijeliligine hem-de sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şuny nazara alyp, ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir we howa ýollaryna çykmagy bilen “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça transmilli üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça iri möçberli düzümleýin taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen yzygiderli durmuşa geçirýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji, 66-njy we 70-nji mejlislerinde, GDA, ŞHG döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatlarynda hem-de ýokary derejeli beýleki maslahatlarda beýan edilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlary täze ýagdaýlary we döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilendir. Hususan-da, gürrüň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp düzmek barada barýar. Ol Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda, tutuş Ýewraziýa yklymynyň üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” diýen kararnama aýratyn möhüm häsiýete eýedir. Şoňa laýyklykda, şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçiriler.

Duşuşyga gatnaşyjylar gepleşikleriň netijelerini jemläp, ylalaşygyň hödürlenen taslamasynyň ähmiýetini bellediler. Onuň işlenip taýýarlanylmagy we gol çekilmegi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde hemme mümkinçiliklere eýe bolan Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky däp bolan aragatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hyzmat eder.

Ertir sebit iş maslahaty öz işini dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter