Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 16.11.2016 // 1004 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň baýram edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de Size üstünlik hem-de berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.

Jenap Prezident, meniň Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Sauli Niýnistýo,
Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Size hem-de türkmen halkyna saglyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Şeýle hem strategiki geljek üçin ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki hereketlere ygrarlydygymy tassyklamak isleýärin.

Rumyniýanyň we Türkmenistanyň, aýratyn-da, energetika pudagynda, ikitaraplaýyn we sebit söwdany höweslendirmäge gönükdirilen Gara we Hazar deňizlerinde portlaryň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak işinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegini dowam etjekdigine ynam bildirýärin.

Jenap Prezident, meniň Size örän belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Klaus Werner Ýohannis,
Rumyniýanyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Laosyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna iň mähirli gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Şu pursatdan peýldalanyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Siziň Alyhezretiňiz bilen özara hereketleri ösdürmäge ymtylmalarymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk hem-de asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size örän belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Bunnýang Woraçit,
Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter