Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 11.11.2016 // 868 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürrekden çykýan arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, ähli ugurlarda biziň ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň möhümdigini tassyklamak isleýärin.

Size ähli gowulyklary, berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Uly hormat bilen,

Abdel Fattah As Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gresiýanyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Size özümiň abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş hem-de bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.

Prokopis Pawlopulos,
Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Kipr Respublikasynyň hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we bütin türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan durnuklylyga, gülläp ösüşe we durmuş taýdan üstünliklere eýe boldy. Siziň ýurduňyz öz ösüş nusgasyny döretmek boýunça möhüm işleri amala aşyrdy hem-de zygtyýarlylygyny we ornuny ýokarlandyrdy. Bitaraplygyň şamçyragy bolmak bilen, Türkmenistan tutuş Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşdy.

Pursatdan peýdalanyp, Kipriň biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksadyna ygrarly bolup galýandygyna Sizi ynandyrmak isleýärin.

Jenap Prezident, meniň belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Tüýs ýürekden arzuwlar bilen,

Nikos Anastasiadis,
Kipr Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Öz adymdan hem-de Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan Siziň dostlukly ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Hamad bin Isa al-Halifa,
Bahreýniň Patyşasy

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter