Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy gutlady

опубликованно 10.11.2016 // 2730 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa gutlag hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dostlukly halkyna bolsa öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň saýlanan Prezidentine örän uly hormat goýýandygy hem-de Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga çalyşýandygy baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter