Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri tamamlandy | TDH
Medeniýet

Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

опубликованно 10.11.2016 // 1243 - просмотров
 

Buhara, 10-njy noýabr /TDH/. Şu gün Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň dostluk konserti boldy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynyň kökleri örän gadymy döwürlere uzalyp gidýär. Ençeme asyrlar mundan ozal biziň ýurtlarymyz Beýik Ýüpek ýolunyň gurşawynda bolup, Gündogaryň halklarynyň medeniýetleriniň ösmegi we özara gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri açdy.

Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin özbek paýtagty bilen birlikde Buharanyň saýlanylmagy ýöne ýerden däldir. Buhara özüniň täsin taryhy-binagärlik ýadygärliklerinde we muzeý gymmatlyklarynda türkmenleriň we özbekleriň Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly bolan döwürleriniň gymmatly subutnamalaryny saklan Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biridir.

Taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna, olaryň özara düşünişmeginiň berkemegine, döredijilik gatnaşyklarynyň giňemegine ýardam edýän möhüm ýagdaý bolup durýar. Munuň özi häzirki uly möçberli çärede
öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler özbek paýtagtynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny halkymyzyň özboluşly ajaýyp döredijiligi, häzirki zaman sungaty bilen tanyşdyrdy. Meşhur sazandalaryň we aýdymçylaryň, belli folklor-horeografiýa toparynyň çykyşlary, türkmen kinofilmleriniň görkezilmegi, amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, iki dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň duşuşygy türkmen-özbek ynsanperwer gatnaşyklaryny görnetin giňeltdi.

Şunuň bilen baglylykda, forumyň geçirilmeginde we umuman, iki halkyň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde Özbegistanda kowçum bolup ýaşaýan köpsanly türkmenleriň tutýan işjeň ornuny bellemek gerek. Häzir dostlukly döwletiň dürli sebitlerinde ildeşlerimiziň ýüzlerçe müňüsi ýaşaýar, ýurduň çäklerinde türkmen medeniýet merkezleriniň ýedisi hereket edýär. Özbegistanyň mekdepleriniň 42-sinde okuwlar türkmen dilinde alnyp barylýar. Şeýle hem mugallymçylyk we lukmançylyk kollejleriniň okuwçylary, Garagalpak döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň talyplary ene dilinde bilim alýarlar. Kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň “Mekan” diýen gazeti bar, ýurtda türkmen dilinde ýaýlyma berilýän tele we radioýaýlymlar bar. Biziň ildeşlerimiz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bolmak bilen, iki döwletiň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýarlar.

Şu gün halkymyzyň medeniýeti bilen tanyşlyk Buharada dowam etdi. Şäheriň Muhtar Aşrafi adyndaky sungat kollejinde türkmen kino sungatynyň nusgawy eseri bolan “Şükür bagşy” kinofilmi görkezildi. Ol 1964-nji ýylda N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda BDMI-nyň uçurymy režissýor Bulat Mansurow tarapyndan diplom işi hökmünde surata düşürildi. Bu rowaýat-film milli kinonyň taryhynda aýratyn orun tutýar, ol bütin dünýä boýunça yzygiderli görkezilip, köp sanly baýraklara eýe boldy. Sungatyň hemme kynçylyklary ýeňýän güýç baradaky pikir kinofilmiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ajaýyp kompozitor Nury Halmämmedowyň filmde ýaňlanýan hem-de soňlugy bilen nusgawy esere öwrülen sazy munuň iň oňat subutnamasydyr. Ady rowaýata öwrülen sazandanyň keşbi türkmenler üçin ähmiýetlidir. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şükür bagşa bagyşlanan “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen kitabyndada aýdylýar. Milli Liderimiz görnükli sazandanyň keşbini açyp görkezip, sungatyň parahatçylyk dörediji wezipesi baradaky onuň özeninde duran pikiriň umumadamzat mazmunyny nygtady. Hut şu pikir medeniýet ulgamynda ýurdumyzyň geçirýjän halkara çäreleriniň many-mazmunyny kesgitleýär. Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň günleri munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Buharada ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bu şäher-muzeýiniň gözellikleri bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde orta asyrlaryň 140-dan gowrak binagärlik ýadygärlikleri ýerleşýär. Şäheriň taryhy merkezi UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Özüniň müňýyllygyny bellän Samanidler aramgähi, Koş-Madras, Kalon minarasy we Poi-Kalýan binagärlik toplumy ýaly binalar takmynan 2300 ýyl mundan ozal gurlupdyr. Orta asyryň bu medeni merkezi bilen köp türkmen alymlarynyň, akyldarlarynyň we şahyrlarynyň atlary baglanyşyklydyr.

Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we özbek halklarynyň sungat ussatlarynyň konserti Buharanyň täze medeni merkezleriniň birinde geçirildi.

Dabaranyň barşynda nygtalyşy ýaly, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri medeni-bilim gymmatlyklaryny mundan beýläk-de alyşmak, hünär gatnaşyklaryny ösdürmek üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat etmek bilen, halklarymyzyň neneňsi ýakyndygyny hem-de olaryň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge islegleriniň neneňsi uludygyny görkezdi.

Bu ýere ýygnananlar parahatçylygyň, goňşy ýurtlaryň dostlugynyň
has-da gülläp ösmeginiň bähbidine türkmen-özbek ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi üçin iki döwletiň ýolbaşçylaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmen wekiliýeti mähirli kabul edilendigi hem-de döredijilik forumynyň ýokary guramaçylygy üçin özbek dostlaryna hoşallyk bildirdi.

Iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti döredijilik çäresiniň jeimleýji bölegine öwrüldi.

Konsert maksatnamasyny “Dehistan” toparynyň ýerine ýetiren “Türkmenistan--dost-doganlyk mekany” atly kompozisiýasy açdy. Artistler sazyň we tansyň dili bilen parahatçylyk dörediji, dostlar üçin açyk bolan ýurdy—mähriban Watanymyzy wasp etdiler. Gadymy saz gurallarynyň mümkinçiliklerini örän oňat görkezen halk sazandalarynyň çykyşlary döredijilik agşamyny bezedi.

Türkmen halk aýdymlary diňleýjiler tarapyndan aýratyn mähir bilen garşylandy. Häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler täze taryhy eýýamyň maksatlaryny wasp edýän eserleri özbek tomaşaçylarynyň dykgatyna ýetirdiler.

Özüne çekiji hereketlerinde türkmen we özbek artistlerini birleşdiren gadymy küştdepdi tansy konsertiň iň ajaýyp çykşlarynyň biri boldy. Bu çykyş ruhlary joşan tomaşaçylaryň halkymyzyň sungaty bilen ajaýyp duşuşygy sowgat eden zehinli sahna ussatlaryna uzak wagtlap şowhunly el çarpmagyna getirdi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sahna çykdylar. Konsert zalynyň sahnasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa—ady we alyp barýan işi häzirki zaman Türkmenistanyň hemme üstünlikleri, milli sungatyň gülläp ösüşi bilen baglanyşykly bolan halkymyzyň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwrüni döredijä bagyşlanan “Arkadagym” diýen watançylyk aýdymy ýaňlandy.

Gadymy we baky juwan Buharadaky bilelikdäki konsert Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasyny jemläp, doganlyk halklaryň döredijiliginiň we dostlugynyň hakyky baýramçylygyna öwrüldi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter