Daşkentde Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär | TDH
Medeniýet

Daşkentde Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär

опубликованно 09.11.2016 // 1207 - просмотров
 

Daşkent, 9-njy noýabr (TDH). Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyndaky döredijilik çäresiniň ikinji güni özbek doganlarymyzy türkmen sungatynyň geçen asyrlardaky we häzirki döwürdäki täsin özboluşlylygy bilen tanyşdyrýan çärelere baý boldy.

Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň sergisi Medeniýet günlerinde aýratyn ähmiýetli waka boldy.
Türkmen amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň görkezilmegi üçin Daşkendiň Şekillendiriş galareýasy saýlanyp alyndy. Bu ýerde XX asyryň başlaryndan biziň günlerimize çenli özbek suratkeşleriniň eserleriniň, şeýle hem Orta Aziýa numizmatikasynyň baý ýygyndysy saklanylýar. Bu sergi toplumy şol bir wagtyň özünde halkara derejeli sungaty öwreniş merkezi bolup durýar. Bu ýerde sergidir tanyşdyrylyş çärelerinden başga hem, maslahatlar, hünär okuwlary, işjeň duşuşyklar, kino görkezilişleri we beýleki çäreler geçirilýär.

Türkmen sungatynyň köpsanly muşdaklaryny özünde jemlän serginiň açylyş dabarasynda onuň iki dostlukly halkyň köpasyrlyk medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde ähmiýeti nygtaldy. Galareýanyň müdiri biziň halklarymyzyň bähbitlerine hyzmat etjek ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de türkmen kärdeşlerini muzeý hem-de sergi işlerinde özara hyzmatdaşlygy has hem güýçlendirmäge çagyrdy.

Türkmen sergi gymmatlyklary Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanýan täsin etnografiýa gymmatlyklaryny, hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýurdumyzyň ösüş taryhyny we şu gününi şöhlelendirýän milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserlerini öz içine aldy. Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary we medeniýeti, sungaty hem-de onuň çäksiz döredijilik ukyby barada gürrüň berýän gymmatlyklar ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga hem-de ösdürmäge örän uly üns berilýädigine şaýatlyk edýär. Türkmen bagşylarynyň çykyşlary bu gymmatlyklara has hem üýtgeşik öwüşgin çaýdy.

Sergä baranlar dünýä ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy we maddy gymmatlyklarynyň örän uly ähmiýetli bölegi bolan gadymy milli geýimler, hojalyk gap-gaçlary, saz gurallary, keşdedir nagyşlary, halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalyk görnüşleri we bezeg, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleri bilen tanyşdylar. Ata-baba zergärçilik bilen meşgullanýan, elinden dür dökülýän zergärleriň özboluşly önümleri, hakyk we pöwrize daşlary bilen bezelen, gözelligi hem owadanlygy boýunça deňsiz-taýsyz zenan bezeg şaýlaryna sergide aýratyn orun berlipdir.

Türkmen şekillendiriş sungatynyň eserlerini görkezmek üçin hem ýörite zal berlipdir. Ol ýerde ХХ asyryň halypa suratkeşleriniň eserleri bilen bir hatarda, häzirki zaman ussat suratkeşleriň eserleri hem sungat muşdaklaryna hödürlenýär. Sergä gelenler ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşen dürli asyrlaryň taryhy ýadygärliklerine suratkeşleriň nazary bilen garadylar, ahalteke bedewleriniň owadanlygyny, türkmen tebigatynyň gözelligini, zenanlaryň ajaýyp keşbini hem-de ak mermere beslenen Aşgabatda gurulýan täze binalary synladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli mirasymyza bagyşlanan, owadan bezegli kitaplary sergide hormatly orny eýeleýär.

Şol gün Özbegistanyň Alyşir Nowaýy adyndaky Milli kitaphanasynda iki ýurduň döredijilik işgärleriniň duşuşygy boldy. Duşuşyga gatnaşanlaryň arasynda bolan gyzykly hem çuň mazmunly pikir alyşmalar bu medeni çärä, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hem-de başlangyçlary bilen häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere Özbegistanda örän uly gyzyklanma bildirilýändigine güwä geçýär.

Duşuşyga gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly Pyragy medaly bilen sylaglanan özbek terjimeçi-alymlary hem bar. Türkmen wekilýetiniň wekilleri özbek kärdeşlerini milli ruhy mirasy aýawly saklamak we öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän giň göwrümli işler, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda geçirilýän çäreler bilen tanyşdyrdylar.

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, türkmen we özbek halklary bir-biregiň edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny oňat bilýär we hormatlaýar. Ata-babalarymyzyň baý mirasy halklarymyzyň umumy gymmatlygy bolup durýar. Duşuşyga gatnaşanlar bu babatda terjimeçilik işiniň meselelerine, bu ugurda tejribe alyşmaga aýratyn üns berdiler. Umumy adamzadyň belent ýörelgeleriniň tarapdary bolan ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez setirleri iki doganlyk halklaryň dillerinde joşgun bilen ruhubelent ýaňlandy. Türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ugurda, hususan-da, Aziada-2017 oýunlaryny beýan etmek boýunça halkara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Medeniýet günlerine Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň örän uly üns berýändigini hem bellemek gerek. Milli radio we teleýaýlymlar, gazetler bu çäräniň barşy barada yzygiderli habar berýärler.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda kitaphana we bibliografiýa işi boýunça ylmy merkeziň-- golýazmalaryň, neşirleriň, çeper eserleriň saklanylýan Milli kitaphananyň işi we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyş boldy. Kitaphananyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Milli kitaphana barmaga wagt tapandygyna kitaphana işgärleri örän buýsanýarlar. Ýörite şu duşuşyga bagyşlanyp, türkmen Lideriniň Türkmenistana bagyşlanan eserleriniň sergisi taýýarlanypdyr.

Türkmen medeniýeti bilen tanyşlyk iri häzirki zaman kino toplumy bolan Alyşir Nowaýy adyndaky kino köşgünde, Gündogaryň meşhur ylmy we medeni merkezleri bolan, Özbegistanyň çäklerinde ýerleşýän şäherler bilen ömür ýoly pugta baglanyşykly bolan beýik türkmen şahyrynyň 240 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen «Magtymguly» kinofilminiň görkezilmegi bilen dowam etdi.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen aýdym-sazlary, folklor çykyşlary ýurdumyzyň köpsanly dostlaryny Alişir Nowaýy adyndaky Döwlet uly akademiki opera we balet teatryna jemledi.

Ertir Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasynda Medeniýet günleri iň gadymy şäherleriň biri Buharada dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter