Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy | TDH
Medeniýet

Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

опубликованно 08.11.2016 // 1389 - просмотров
 

Daşkent, 8-nji noýabr /TDH/. Şu gün özbek paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Uly möçberli döredijilik forumy ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýär hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy depginli ösdürmäge, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge iki halkyň özara isleginiň we taýýarlygynyň ajaýyp subutnamasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de özüniň ygtybarly hyzmatdaşy bilen köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Türkmen hem-de özbek halklary gadymy taryhy we medeniýeti bilen umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşmagyny dowam edýärler. Hoşniýetli goňşuçylygyň birleşdirýän köpasyrlyk däplerine, taryhy-medeni we ruhy umumylyga daýanyp, ýurtlarymyz häzirki zaman tapgyrynda döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýärler.

Şu işlerde medeni-ynsanperwer ulgamyna aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri iki ýurtda guralýan halkara fastiwallaryna, sergilere, bäsleşiklere we forumlara yzygiderli gatnaşýarlar.

Ajaýyp döredijilik çäreleriniň hatarynda 2010-njy ýylda Daşoguzda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň sungat festiwaly bar. Festiwal myhmansöýer türkmen topragynda iň oňat teatr, aýdym-saz we folklor toparlaryny, meşhur medeniýet işgärlerini jemledi. Konsertler, spektakllar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň bileliekdäki sergileri, kinofilmleriň görkezilmegi, milli muzeý gymmatlyklarynyň göçme ekspozisiýalary—bu wakalaryň ählisi ajaýyp gündogar öwüşginine utgaşyp, iki halkyň dostlugynyň taryhy gatnaşyklaryny bezedi.

Özbegistanyň wekilleriniň, geçen hepde Aşgabatda geçirilen “Görogly” şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny” atly halkara ylmy maslahatynyň işine gatnaşmagy ruhy mirasy gorap saklamakda iki ýurduň alymlarynyň we medeniýet işgärleriniň üstünlikli özara gatnaşyklarynyň mysallarynyň biridir.

Bu gün bolsa Daşkent ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekillerini kabul edýär. Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň düzümine Medeniýet ministrliginiň, esasy muzeýleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, folklor-horeografiýa topary girdi.

Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Alyşir Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki opera we balet uly teatrynda geçirildi. Bu teatryň milli we dünýä nusgawy mirasynyň ähli baýlygyny özüne siňdiren ajaýyp däplere baý bolan şöhratly segsen ýyllyk taryhy bar.

Teatrda bu gün Özbegistanyň medeniýet ulgamynyň, giň jemgyýetçiliginiň, ýurtda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Zalda ildeşlerimiz hem, ýagny medeni-ynsanperwer ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ähmiýetli orun tutýan kowçum bolup ýaşaýan türkmen wekilleri bar.

Döredijilik çäresiniň açylyş dabarasynda iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň ýakynlaşmagynda onuň ähmiýeti nygtaldy. Kökleri milli däp-dessurlaryň müňýyllyklara uzap gidýän ruhy we medeni mirasy gorap saklamak we hemmetaraplaýyn wagyz etmek – şu maksatlar özbek we türkmen halklaryny parahatçylygyň we ylalaşygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda olaryň özara ymtylmalaryny birleşdirýär we ýakynlaşdyrýar diýip, bu ýere ýygnananlar bellediler.

Soňra Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Çykyşy “Dehistan” folklor-horeografiýa toparynyň ýerine ýetiren “Goý, uzasyn dost-doganlyk ýollary!” diýen tans kompozisiýasy açdy. Ýerine ýetirilen tanslarda türkmenleriň milli gymmatlyklary ajaýyp şöhlelendirildi. Artistler ussatlarça, depginli hereketleri bilen jigitler tansyny we ahalteke bedewleriniň gözelligini, meşhur türkmen halylarynyň dokalyşyny, tikin işlerini, zergärçilik sungatynyň ajaýyp eserlerini görkezdiler.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyny medeni-ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berilmegi tapawutlandyrýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlygyny we gazananlaryny giňden wagyz etmäge ýardam berýär. Bu baradaky mowzuk häzirki konsert maksatnamasynyň baý mazmunynda hem örän köp orun tutdy. Şol konsert maksatnamasyny ajaýyp halk mukamlary we aýdymlary, folklor we tans çykyşlary düzdi. Şeýle hem türkmen saz medeniýetiniň genji-hazynasynyň eserleri, nusgawy söýgi aýdymlary, häzirki zaman estrada aýdymlary ýaňlandy.

Gözbaşy türki halklaryň medeniýetiniň umumylygyndan gaýdýan gahrymançylykly “Görogly” şadessanyndan türkmen bagşylarynyň ýerine ýetiren parçalary diňleýjilere aýratyn täsir etdi. Beýik Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri ajaýyp täsir galdyrdy.

Kalplarda hemişelik ornan şowhunly küştdepdi baýramçylygyň hakyky bezegine öwrüldi. Owadan egin-eşikler, milli saz, tansyň häsiýetli hereketleri hem-de utgaşykly aýdylýan gazallar nesilden-nesle geçirilip gelinýän owadan däp-dessur tansynyň haýran galdyryjy hereketlerine we özüne çekijiligine baha bermäge tomaşaçylara mümkinçilik berdi.

Çykyşlaryň ahyrynda aýdymçylaryň hem-de konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa—türkmen halkynyň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwrüni döredijä bagyşlanan “Eziz Arkadag” diýen aýdym ýaňlandy.

Şol gün ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde medeniýet ugry boýunça iki ýurduň mundan beýläk-de gatnaşyk etmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Pikir alyşmalaryň barşynda özbek tarapyna Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Şol syýasatyň ugurlarynyň biri medeni-ynsanperwer ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bolup durýar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän halkara forumlar we çäreler barada gürrüň berdiler. Şeýle hem teatr, muzeý we kitaphana işi, iki halkyň nusgawy eserlerini özbek we türkmen dillerine terjime etmek babatda hünär derejesinde özara gatnaşyk etmegiň zerurdygy bellenildi.

Ertir medeni çäräniň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylmagy, türkmen kinofilmleriniň görkezilmegi meýilleşdirildi. Iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň duşuşygynyň çäklerinde medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, aşgamara bolsa Özbegistan Respublikasynyň akademiki teatrynyň sahnasynda ýene-de türkmen mukamlary we aýdymlary ýaňlanar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter