Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

опубликованно 04.11.2016 // 965 - просмотров
 

Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Ulugbek Rozukulowy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda mümkinçilik döredendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de milli Liderimize we türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň Türkmenistan bilen doly möçberli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar bolsa taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ýurdumyzy Özbegistan bilen öňden gelýän has ýakyn we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz ýakyn goňşular, şol sanda Özbegistan bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we geljegi üçin meýilnamalary babatda esasy ugurlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady ulgamda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda işewür gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de işjeňleşdirmegiň netijeli guraly hökmünde Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine möhüm orun degişlidir.

Ulag-aragatnaşyk ulgamy hem özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda Türkmenistan halkara ähmiýetli we giň möçberli taslamalaryň ençemesini amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň tutuş sebiti okgunly ösdürmegiň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyp, Özbegistanyň wekillerini şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Munuň özi taryhyň dowamynda emele gelen türkmen we özbek halklarynyň medeni kökleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň hem-de köpasyrlyk däp-dessurlarynyň umumylygy bilen şertlendirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter