Resmi habarlar 4-nji Noýabr | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 4-nji Noýabr

опубликованно 04.11.2016 // 986 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylmyň gazananlaryny, innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysady pudaklara maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudak edaralary 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary we festiwallary ýokary derejede guramagy we geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara we festiwallara taýýarlyk görmekde we olary geçirmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna hem-de degişli ministrliklere we pudak edaralaryna ýardam bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Begjanow Täçdurdy Halymowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Alymow Batyr Şyblangulyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa duýduryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter