VI Türkmen - german lukmançylyk maslahaty | TDH
Jemgyýet

VI Türkmen - german lukmançylyk maslahaty

опубликованно 04.11.2016 // 1269 - просмотров
 

Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda VI Türkmen - german lukmançylyk maslahaty öz işine başlady. Ol iki dostlukly ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, däbe öwrülen bu maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministliginiň we Mýunheniň Fridrih Lýudwig – Maksimilian uniwersitetiniň Grosshaderiň klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýär.

Her ýyl geçirilýän duşuşyga gatnaşmak üçin düzüminde Germaniýanyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleri, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny işläp taýýarlaýan iri kompaniýalaryň wekilleri hem-de GFR-iň dürli şäherlerinden esasy hassahanalaryň meşhur alym-professorlarynyň birnäçesi bolan wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi.

Türkmen tarapyndan iki günlük foruma döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-bejeriş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşýarlar.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Margaret Mariýa Ýuber maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, şol sanda dünýä lukmançylygynyň iň täze işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ösdürmäge alan ugruny nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň geljegine ýokary baha berdi. Tejribe alyşmak, ýokary hünärli işgärleri okatmak we taýýarlamak boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk iki ýurduň adamlaryň saglygyny goramak wezipesini çözmäge saldamly goşandy boldy diýip, ilçi nygtady.

Bellenilişi ýaly, türkmen we nemes lukmanlarynyň, alymlarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleriniň iki ýurtda yzygiderli geçirilýän duşuşyklary ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, iň täze tehnologiýalary we enjamlary, saglygy bejermegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Ylmy lukmançylyk forumunyň yzygiderli geçirilmeginiň özi hem Garaşsyz Türkmenistany ösdürmekde bu ulgamyň ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär. “Milletiň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Çünki, milli Liderimiz üçin halkymyzyň saglygy durmuş abadançylygynyň möhüm şertidir.

Nygtalyşy ýaly, adamlaryň saglygyny goramak wezipesi örän ähmiýetli şertleriň ençemesini birleşdirýär. Olaryň hatarynda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalarynyň gurluşygyny, ekologiýa wezipeleriniň çözülmegini, köpçülikleýin sport hereketiniň hem-de işjeň dynç alyş düzüminiň ösdürilmegini we biziň her birimiziň aňynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar. Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň hem-de esasy halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we beýlekileriň giň goldawyna mynasyp boldy. Türkmenistan olar bilen garaşsyzlyk döwrüniň bütin dowamynda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Şu maslahatyň barşynda saglygy goraýşyň dürli ulgamlarynda, hususan-da, gant diabetini, çagalarda we ulularda onkologiýa kesellerini bejermekde ulanylýan netijeli usullarda gazanylan üstünlikler hem-de endokrinologiýa we fizioterapiýa ulgamynda toplanan tejribe barada pikir alşyldy.

Çykyşlaryň aglabasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan anyk üstünliklere bagyşlandy. Şol syýasat bolsa bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny hem-de täze derman senagaty kärhanalarynyň işe girizilmegini üpjün edýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen saglygy goraýyş ulgamy kelleri bejermegiň iň täze usullaryna, tehnologiýalara we enjamlaryna eýe bolýar. Iň döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen häzirkizaman ylmy-kliniki merkezler hem-de saglygy bejeriş – keseliň öňüni alyş edaralary gurulýar. Olarda ulanylýan lukmançylyk enjamlarynyň aglabasy bu babatda öňdebaryjy hasaplanylýan GFR-de öndürildi. Netijeli hyzmatdaşlyk türkmen lukmanlaryna keseliň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň iň netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýle bolmagyna Ýewropanyň esasy hünärmenleri bilen geçirilýän yzygiderli duşuşyklar we tejribe alyşmalar hem ýardam edýär.

Myhmanlar köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýdyp, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäkileriň hatarynda barýan Germaniýanyň özüniň tejribesini, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny teklip etmäge taýýardygyny bellediler. Munuň özi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we onuň innowasion ösüş ýoluna düşmegi babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ertir VI Türkmen - german lukmançylyk maslahaty öz işini tamamlar. Onuň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekiler.

Forumyň çäklerinde GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleriniň Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorlary, mugallymlary we lukmanlary bilen duşuşyklaryň meýilleşdirilendigini bellemek gerek.

***

Lukmançylyk ylmynyň professory Klaus Parhofer, Mýunhen uniwersitetiniň hassahanasy:

--Aşgabada ýene-de gelenime örän begenýärin. Türkmen-german forumynyň eýýäm 6-njy mejlisine gatnaşýaryn hem-de saglygy goraýyş ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň örän netijeli bolup durýandygyny ynam bilen aýdýaryn. Şeýle duşuşyklaryň her biri, şeýle hem hassahanalaryň çäklerinde hem-de aýry-aýry barlag taslamalarynyň çäklerinde bilelikde geçirilýän işler birsyhly keselleri, hususan-da, süýji keselini bejermekde netijeli häsiýete eýe bolup durýar.
Bu kesele garşy göreşmek şu günki maslahatyň ähmiýetli meseleleriniň birine öwrüldi.

Türkmen hassahanalarynyň we lukmançylyk edaralarynyň ýokary üpjünçiligi, täze usullary we lukmançylyk innowasiýalaryny özleşdirmäge bolan uly gyzyklanma hassalary netijeli bejermek we durmuşyny gowulandyrmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Biz şunda hyzmatdaşlygyň we gündelik işlerimiziň esasy wezipesini görýäris.

Häzirki döwrüň lukmançylygy keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň degişli derejesinde dürli kesellerden goramaga, saglyk üçin ýaramaz netijeleri peseltmäge, jemgyýetiň durmuşynda adaty ýaşaýşyny ütgetmäge mejbur eden agyr keselli hassalaryň işjeň ornuny üpjün etmäge ukyplydyr.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge berilýän aýratyn üns kesgitleýji ähmiýete eýe bolup durýar. Döwlet derejesinde goldaw berilmegi netijesinde biz ýokary derejeli hassahanalary hem-de bize işlemek nesip eden zehinli hünärmenleri görýäris.

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory Frits Şpelsberg, Fýurstenfeldbrugyň umumy we wisseral hirurgiýa bölümi:

-- Meniň türkmen kärdeşlerim bilen hyzmatdaşlygym 2006-njy ýylda başlandy we häzire çenli dowam edýär. Men Türkmenistanda yzygiderli bolýaryn, siziň ýurduňyzyň hünärmenleri bilen bilelikde amaly we barlag işleriniň uly tejribesi toplanyldy.

Hirurgiýa bejergisiniň, hususan-da, laparoskopiýanyň täze usullary özleşdirildi. Bilelikde işlemek bilen, biz tehnikalary yzygiderli kämilleşdirýäris, dessin bejerginiň täze usullaryny ornaşdyrýarys. Türkmen hassahanalarynyň örän oňat üpjün edilendigini bellemek isleýärin. Türkmenistanda işlemek bilen, men Ýewropanyň öňdebaryjy bejeriş-barlag merkezlerinde bar bolan ýokary derejeli enjamlary ulanmak mümkinçiligine eýe bolýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň saglygyny goramaga aýratyn üns bermegi lukmançylyk edaralarynyň üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem-de hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmaga, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleri bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga mümkinçilik berýär. Meniň Türkmenistandaky kärdeşlerim işine ussat bolup, täze usullary işjeň özleşdirýärler.

Professor, doktor Hans Peter Rihter:

-- Türkmen-german lukmançylyk forumyna yzygiderli we uly höwes bilen gatnaşýaryn, ol biziň üstünlikli hyzmatdaşlygymyzyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Türkmen kärdeşlerimiň siziň ýurduňyzda fizioterapiýanyň öňdebaryjy usullaryny işjeň ornaşdyrmakda uly hyzmatyny bellemek isleýärin. Häzir şol usullary ýewropaly lukmanlar ulanýar. Bilelikde işlemegiň çäklerinde biz özümiz üçin bilimleriň täze sepgitlerini açdyk, ugurdaş barlaglarda we amaly işlerde ep-esli öňe gitdik.

Şu ýyllaryň içinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, biz geljege ýoly gurýarys. Çünki hünär derejesi, täze iş usullary we döwrebap enjamlar—üstünligiň girewidir. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünliklere eýe bolmagy üçin uly ädimler ädildi. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy howandarlygy örän uly ähmiýete eýedir. Ol milli lukmançylygy ösdürmäge, bejeriş we barlag edaralarynyň üpjünçiligine, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga örän uly üns berýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter