“Altyn asyr” Türkmenistanyň üç gezek çempiony | TDH
Sport

“Altyn asyr” Türkmenistanyň üç gezek çempiony

опубликованно 03.11.2016 // 1001 - просмотров
 

Paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempiony diýen adyny saklamagy başardylar. Aragatnaşyk ministrliginiň topary bu üstünligi oýunlaryň tamamlanmagyna çenli bäş tapgyr galanda, möhletinden öň gazandylar. Onuň yz ýanyndan gelýän “Balkan” “Aşgabat” toparynyň garşysyna paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, bir utugyny ýitireninden, “Altyn asyr” bolsa myhmançylykda “Şagadam” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykandan soň çempion belli boldy.

Türkmenbaşy şäherindäki duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi üçin ýeňil düşmedi. Eýýäm sekizinji minutda Mamedali Karadanow 1:0 hasabynda “Şagadamy” öňe çykardy. Ýer eýeleri bu artykmaçlygy oýnuň birinji ýarymynyň tutuş dowamynda diýen ýaly sakladylar, ýöne 40-njy minutda milli ýygyndymyzyň hüjümçisi we toparyň derwezä iň köp pökgi geçiren oýunçysy Süleýman Muhadow hasaby deňledi – 1:1.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda myhmanlar garşydaşyň derwezesine hüjümlerini güýçlülendirdiler hem-de 56-njy minutda Begenç Annagurbanowyň dürs urgyny geçirmeginiň netijesinde ýeňiş gazandylar.

Şeýlelikde, “Altyn asyr” goşa ýeňiş gazandy. Bir hepde mundan ozal gazanylan Türkmenistanyň Kubogynyň üstüne Aragatnaşyk ministrliginiň topary milli çempionatyň altyn medallaryny hem goşup, Aziýanyň toparlarynyň gatnaşýan ýaryşynda ähmiýeti boýunça ikinji bolan Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) Kubogy ugrundaky ýaryşda 2017-nji ýylda Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk aldylar.

“Altyn asyr” ýurdumyzyň çempionatynda 2008-nji ýyldan bäri çykyş edýär we şunda yzly-yzyna üçünji gezek çempion bolýar. Şu ýyl geçirilen milli ýaryşda bir gezek hem ýeňlişe sezewar bolmadyk ýagdaýda galýan topary şeýle üstünlige Türkmenistanyň 40 ýaşly tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew getirdi.

31 tapgyrdan soň 66 utugy bolan “Balkan” kümüş medala, 58 utugy bolan Marynyň “Energetik” topary bolsa bürünç medala dalaş edýär. Olaryň ökjesini basyp gelýän “Ahal” baýrak eýelerinden 5 utuk yzda barýar.

Milli ýaryşda derwezelere iň köp pökgi geçirmekde 26 gezek ütünlik gazanan Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) ynamly öňde barýar. Onuň topardaşy 18 pökgi geçiren Myrat Ýagşyýew ikinji orunda.

Türkmenistanyň futbol býounça çempionaty 30-njy noýabrda tamamlanýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter