Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 03.11.2016 // 961 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň çärýek asyr mundan ozal gazanan Garaşsyzlygy diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, biziň dostlukly halkymyz üçin hem möhüm waka boldy.

Siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly şanly senesi mynasybetli, Ysraýylyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy, gülläp ösüş, Size hem-de Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan hakyky mähirli gatnaşyklary hem-de gadymy halklarymyzyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyklary bellemek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Reuwen Riwlin,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 25 ýyllygy mynasybetli mähirli arzuwlarymy hem-de gutlaglarymy beýan edýärin.

Goý, bu baýramçylyk türkmen halkynyň mundan beýläkki ösüşiniň we abadançylygynyň nyşanyna öwrülsin hem-de Indoneziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ynanyşmak gatnaşyklary mundan beýläk-de halklarymyzyň bähbidine ösdürilsin!

Siziň Alyhezretiňiz, meniň örän belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Joko Widodo,
Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagtyýarlyk, tutuş türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy ýollaýaryn.

Bidhýa Dewi Bhandari,
Nepalyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter