Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 02.11.2016 // 886 - просмотров
 

Hormatly jenap Prezident,

Türkmenistanyň milli baýramçylygy mynasybetli Size özümiň mähirli gutlaglarymy, şeýle hem türkmen halkyna bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýigrimi bäş ýyllygy--munuň özi şu döwrüň dowamynda döwletiň geçen ýoluna baha bermäge mümkinçilikdir. Syýasy we ynsanperwer ösüş ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmeginde Siziň ýurduňyzy Fransiýanyň goldaýandygyny beýan etmek isleýärin.

Soňky çärýek asyryň dowamynda biziň döwletlerimiziň arasynda ynama we dostluga esaslanan aýratyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Fransiýa Türkmenistanyň sebitde parahatçylyga hem-de durnuklylyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasatyny Birleşen Milletler Guramasynda goldady. Şeýle hem ykdysady ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berip, fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda ozaldan gelýän we berk ýörelgeleri eýeleýändigini bellemäge şatdyryn.

Biziň gatnaşyklarymyz ähli ulgamlarda uly kuwwata eýedir we şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge ymtylýandygyna ynandyrmak isleýärin.

Hormatly jenap Prezident, meniň örän çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Fransua Olland,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter