Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

опубликованно 27.10.2016 // 2104 - просмотров
 

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halky baş milli baýramyny – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 25 ýyl dolýar.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk dabaralary ruhubelentlik hem-de agzybirlik ýagdaýynda geçirilýär. Ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda taryhy senäniň hormatyna paýtagtymyzda, ähli welaýatlarda täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny, durmuş-medeni we senagat maksatly desgalary ulanmaga bermek dabaralary boldy. Şu günler ähli ýerlerde köp öwüşginli aýdym-sazly çäreler geçirilýär, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwaty öz beýanyny tapýar.

Şanly sene – bu hemişe aýratyn baýramçylykdyr. Ol ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemäge hem-de geljege nazar aýlap, giň möçberli işleriň nobatdaky tapgyrynyň başyny başlamaga, ösüşiň we täze mümkinçilikleriň nobatdaky basgançagyna galmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň baýramçylygyň öň ýanyndaky mejlisinde çykyş edip we ýurdumyzyň çärýek asyryň dowamynda geçen ýoluna baha berip:
“Berkarar Watanymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy durnuklylygy hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etdi. Uzak möhletlere gönükdirilen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we ýokary depginler bilen ösýän döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ösüşiň milli nusgasynyň durmuşa ukyplydygyny we netijelidigini subut etdi” diýip belledi.

Milli Liderimiziň bu sözlerinde düýpli özgertmeleriň many-mazmuny jemlenendir. Şol özgertmeler bolsa milletimiziň ruhy binýadyny, onuň taryhy tejribesini we mirasyny berkidip, täze döwrüň kuwwatly derýasy üçin giň akabany, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy üçin ajaýyp mümkinçilikleri açdy. “Geçen taryhy ýolumyza tüýs ýürekden buýsanmak bilen, men Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bolan Türkmenistanyň iň täze taryhyna ajaýyp we şöhratly sahypalary ýazjakdygymyza berk ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleri ýurdumyzyň 25 ýyl mundan ozal saýlap alan Garaşsyzlyk ösüş ýolunyň dogrudygyny aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Şoňa görä-de, şu şanly sene biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biz diňe bir özygtyýarly döwletiň döredilen gününi däl, eýsem, asylly hem-de möhüm ähmiýetli işleriň ençemesinden emele gelýän täze ýeňişlerimizi baýram edýäris. Halkymyzyň agzybirligi we zähmetsöýerligi netijesinde bu taryhy işler uly üstünlige eýe boldy.

Şoňa görä-de, biz Garaşsyzlyk gününi giň gerimde we uly we agzybir maşgala bolup belleýäris. Şu günler şanly waka mynasybetli dürli ýurtlardan Aşgabada gelen köpsanly daşary ýurtly myhmanlar hem toý şatlygyny türkmenistanlylar bilen deň paýlaşýarlar.

Şu gün ýurdumyzyň baş meýdançasy hemmeleri baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Bu ýere müňlerçe adam ýygnandy.

Merkezi münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri,
daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary bar.

Ägirt uly baýramçylyk dabarasy harby ýörişden başlanýar.
Ol türkmen esgerleriniň ýokary taýýarlygyny hem-de ussatlygyny görkezdi. Häzirki wagtda olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam etdirýärler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, eziz Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda berk durýarlar.

... Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykýar we awtoulagda Galkynyş köçesiniň ugry bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň ştandartyny saklap duran Hormat garawulynyň atly toparynyň ýörişi bilen dabaraly harby ýörişiň geçjek ýerine ugraýar.

Bu ýerde, Garaşsyzlyk meýdançasynda milli goşunymyzyň ähli kysymlarynyň harby gullukçylary nyzama düzüldi. Şol pursatda ýurdumyzyň baş meýdançasyna ýygnananlaryň ählisini şatlyk hem-de buýsanç duýgusy gurşap alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň gözden geçirilişiniň başlanmagyna ähli zadyň taýýardygy barada hasabat berýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, nyzama duran dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy goşun bölümleriniň öňünden geçip, olar bilen salamlaşýar. Öz nobatynda, harby gullukçylar Belent Serkerdebaşymyzy mübärekleýärler.

Milli Liderimiziň awtoulagy meýdançanyň merkezinde münberiň golaýynda saklanýar. Hormatly Prezidentimiz harby ýörişe gatnaşyjylara:

-Salam, Watan goragçylary! – diýip ýzlenýär.

-Salam, Belent Serkerdebaşymyz! – diýip, harby talyplar, esgerler hem-de serkerdeler jogap berýärler.

Soňra hormatly Prezidentimiz döwlet münberine galýar.

Şol pursat harby ýörişe gatnaşýan şahsy düzüm: “Belent Serkerdebaşa şöhrat! Garaşsyz Türkmenistana şöhrat! Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan! Ýaşasyn, baky sarsmaz türkmen döwleti! Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!” diýen şygary gaýtalaýarlar.

Ýygnananlaryň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Şondan soňra Garaşsyzlyk meýdançasynyň howa giňişliginden Türkmenistanyň Döwlet baýdagy paraşýutçylar topary tarapyndan düşürilýär. Şol pursat Döwlet baýdagymyzy taryplaýan goşgy setirleri aýdylýar. Şeýle hem şol wagt Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary münberiň Galkynyş köçesi tarapyndan nyzam ýörişi bilen Döwlet baýdagynyň düşüriljek ýerine gelýärler.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri general-polkownik Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, Ýaragly Güýçleriň we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň başlanmagyna rugsat soraýar.

Milli Liderimiz dabaraly ýörişi başlamaga rugsat berýär.

Esgerler, serkerdeler we harby talyplar “Ura!” diýip, üç gezek gaýtalaýarlar.

Soňra milli Liderimiz ýygnananlary hem-de olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny şanly sene – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlaýar.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy “Arkadaga şöhrat!” diýen sözler bilen mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabarany açyk diýip yglan edýär.

Sagadyň dilleri 10.00 görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar.

Meýdançada nyzama düzülen esgerler, serkerdeler we harby talyplar eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hem-de hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetirýärler.

Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Taryhyň ähli döwürlerinde bolşy ýaly, häzirki döwürde hem ýurdumyzda baýdaga mukaddeslik hökmünde garalýar. Hormat garawuly batalýonynyň esgerleri dabaraly ýörişiň sazynyň astynda Döwlet münberiniň öňüne Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we milli Ýaragly Güýçlerimiziň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny getirýärler.

Döwletimiz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki wagtda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ygrarlydygyny görkezýär. Bu Harby doktrina bolsa ýurdumyzyň howpsuzlygyny, türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmelidir.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan harby özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada laýyk işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, milli goşunymyzy iň täze harby tehnikalar we ýaraglaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmek, ýokary hünärli serkerldeleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Gadymdan bäri türkmen halkyna watançylyk, edermenlik we gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Watana wepalylygyň, ýurdumyzy goramagyň, gahrymançylygyň beýik nugsasyny döreden ata-babalarymyzyň häzirki nesilleri ezizi Watanymyzyň öňündäki mukaddes borjuny abraý bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler. Türkmen esgerleri iň täze harby tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edýärler, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejededigini görkezýärler. Şu ýylyň ýaz paslynda geçirilen görkezme harby-taktiki okuwlar hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Soňra dabaraly harby ýöriş bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň harby okuwçylary geçýärler.

Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini gowulandyrmak, kadalaşdyryjy – hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de ýaş esgerleri ata Watanymyza çäksiz söýgi ruhunde terbiýelemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby instituty we onuň ýanyndaky ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakultet, Harby-deňiz instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty, Serhet instituty, Milli howpsuzlyk instituty, Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdepleri girýär. Şu ýyl bu ulgamyň üsti ýene-de bir okuw mekdebi - Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi bilen ýetirildi.

Bu okuw mekdeplerinde milli harby işgärleriň täze nesli kemala getirilýär. Olarda harby hünärmenleri taýýarlamaga, okatmagyň hiline we netijeliligine, hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, döwrebap harby tehnikalary hem-de enjamlary dolandyrmagyň tärlerini ele almaga aýratyn üns berilýär. Bir söz bilen aýdylanda, türkmen goşunynyň geljegi ygtybarly ellerdedir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň iň gowy wekilleri--milli Goşunymyzyň serkerdeleri dabaraly ýörişden geçýärler. Olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam etdirip, özleriniň Watan öňündäki harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýärler.

Olaryň yzysüre Watanymyzyň asuda asmanynyň goragçylary bolan serkerde-uçarmanlar batalýonynyň göni hatarlary harby ýörişi dowam edýär.

Baýramçylyk meýdançasynda zenan - harby gullukçylar peýda bolýar. Olar mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Döwlet münberiniň öňünden motoatyjy esgerlerimiz – iň döwrebap harby tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýän, söweşjeň taýýarlygyň ussatlary bolan esgerler geçýärler.

Olaryň yzysüre türkmen uçarmanlarynyň batalýony peýda bolýar. Uçarmanlar döwrebap uçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, Garaşsyz Watanymyzyň asman giňişliklerini mäkäm goraýarlar.

Soňra döwlet münberiniň öňünden jebis hatarlar bilen, harby deňizçilerimiz geçýärler. Olar harby okuwlaryň barşynda özleriniň söweşjeň taýýarlygyny ussatlyk bilen görkezdiler.

Ýurdumyzyň howa giňişligini goraýan Asmana atyjylar batalýonynyň harby gullukçylary dabaraly harby ýörişi dowam edýärler. Olar öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek bilen, ezizi Watanymyzy goramaga saldamly goşant goşýarlar.

Ýörite maksatly desant batalýonynyň hem-de deňiz pyýada batalýonynyň harby gullukçylary batly gadam urup geçýärler. Olaryň yzysüre raýat goranyş we halas ediş batalýonynyň harby gullukçylary geçýärler. Ýüze çykýan adatdan daşary hadysalarda tiz hereket edýän bu halasgärler, gullukda tutanýerlilik we erjellik görkezýärler.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň we Serhet institutynyň iň gowy talyplary ýöriş sazynyň owazy bilen aýgytly gadam urýarlar.
Olaryň yzysüre Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ýörite maksatly bölümleriniň harby gullukçylary geçýärler.

Soňra baş meýdançada ýurdumyzyň içerki asudalygyny üpjün etmäge, eziz Watanymyzda tertip-düzgüni we kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmäge saldamly goşant goşýan polisiýa işgärleri hem-de Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň batalýony peýda bolýar.

Ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylaryň toparynyň ýörişi Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçirilýän dabaranyň özboluşly bezegine öwrüldi. Türkmenler ençeme asyrlar mundan ozal, atlary eldekileşdirip, bedewi özüniň ygtybarly kömekçisine hem-de wepaly dostuna öwürdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy we aladasy netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň , Içeri işler ministrliginiň bölümlerinde atly düzümler döredildi. Häzirki wagtda ahalteke bedewleri Watan goragçylarynyň we tertip-düzgüne gözegçilik edýänleriň ygtybarly hemrasyna öwrüldi hem-de olar bilen jogapkärçilikli işi bilelikde ýerine ýetirýärler.

Soňra nobat milli goşunymyzyň häzirki zaman harby tehnikalarynyň görkezilişine ýetdi.

Merkezi meýdançada biri-biriniň yzyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň dürli düzümleriniň mehanizmleşdirilen toparlary geçýärler. Olaryň başyny “Combat Guart” hem-de “BARS” ýörite maksatly harby ulaglary çekýärler.

Guryýer goşunlarynyň iň kuwwatly harby tehnikalarynyň biri hem tanklardyr. Birinji kerweniň düzüminde Döwlet münberiniň öňünden “MAN” kysymly agyr ýük çekiji awtoulagyň üstünde kuwwatly T-90S hem-de T-72 tanklary geçýär. Olaryň yzýany bilen BMP-3 we BMP-2D kysymly häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalary bolan pyýada goşunyň söweşjeň maşynlary peýda bolýarlar.

Münberiň öňünden artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» hem-de «2S-3 Akasiýa» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalary geçýärler. Bu ygtybarly söweş tehnikasy garşydaşyň dolandyryş nokadyny, sowutly tehnikalaryny we şahsy düzümini hatardan çykarmak üçin niýetlenendir.

Soňra Garaşsyzlyk meýdançasynda «Zu-23-4 Şilka», «STRELA-10», «KUB» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary peýda bolýar. Olar howanyň dürli şertlerinde garşydaşyň pesden uçýan uçarlaryny we dikuçarlaryny hem-de ganatly raketalary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Meýdançada harby ýörişi 2-nji ýeňil awtoulaglar kerweni dowam edýär. Olaryň öňüni «Bars» kysymly harby awtoulagy çekýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri aragatnaşyk serişdeleriniň iň täze nusgalary, şol sanda radiostansiýalaryň göterme, hemişelik we awtoulagda ýerleşdirilen görnüşleri bilen yzygiderli üpjün edilýär. Kerweniň düzüminde “Rohde & Schwarz” kysymly döwrebap harby radioaragatnaşyk serişdesi ýerleşdirilen “Land Rower” kysymly ýeňil sowutlanan harby awtoulag hereket edýär.

Olaryň yzyndan ýörite maksatly toparlar bilen «Land Rower» kysymly ýeňil harby awtoulaglar geçýärler. Olaryň üstünde milli goşunymyzyň mergenleri dürli görnüşli mergenlik ýaraglary bilen Baş baýramymyzyň hormatyna guralýan dabaraly harby ýörişiň hatarlaryny bezeýär.

Dabaraly harby ýörişiň baýramçylyk hatary bilen ilkinji gezek «Land Rower» awtoulagynda göçme suw arassalaýjy toplumlar hem-de «DUNFEN» kysymly awtoulagynda meýdan aşhanalary geçýärler. Olar ýurdumyzda geçirilýän harby okuw-türgenleşiklerinde şahsy düzümiň azyk üpjünçiliginiň bökdençsiz guralmagyna ýardam edýär.

Harby ýörişi lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen «Land Rower», «IVECO» hem-de «DONG FENG» kysymly lukmançylyk awtoulaglary dowam edýärler.

Döwlet münberiniň öňünden «KARAKAL» kysymly özi ýöreýän tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy geçýär.

«NIMR» kysymly sowutlanan awtoulagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine täze kabul edilen kämil tehnikadyr. Dabaraly harby ýörişe ilkinji gezek gatnaşýan bu döwrebap harby awtoulagyň üstünde söweş alyp barmak üçin “Şerşen” kysymly tanka garşy raketalar, taktiki uçarmansyz uçarlar, 82 millimetrlik minamýotlar hem-de brauning kysymly pulemýotlar bar.

Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişde Milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki kämil söweş tehnikalary bolan BTR-80A, BTR-80M we BTR-80 kysymly söweşjeň hem-de suwda ýüzüji bronetransportýorlar geçýärler. Ýurdumyzda geçirilýän harby okuw-türgenleşiklerinde biziň harby gullukçylarymyz bu kuwwatly harby tehnikalarda öňde goýlan söweşjeň wezipäni üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Dabaraly harby ýörişiň hatarlary bilen MAN kysymly awtoulagyň üstünde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Radiasion, himiki we biologiki goranyş goşunlarynyň şahsy düzümi geçýärler. Olar şahsy düzüm üçin niýetlenen umumygoşun goranyş toplumynda ýörite niýetlenen enjamlary hem-de 80 millimetrlik Himiýa goşunlaryň termobariki raketasy bilen geçýärler.

Olaryň ýörişini Inžener goşunlarynyň harby tehnikalary dowam edýär. MAN kysymly awtoulagyň üstünde Inžener goşunlarynyň howpsuzlandyryş toparlary dabara bilen geçýärler. Şeýle hem KRAZ kysymly awtoulagyň binýadynda Inžener goşunlarynyň agyr köpri gurujy toplumy baýramçylyk ýörişini dowam edýär.

Baş meýdançada milli goşunymyzyň halasgärleri, şeýle hem «MAZ» kysymly tiz täsir ediji, suwasty işlerini üpjün ediji hem-de himiýa-radiasiýa howpsuzlygyny üpjün ediji halas ediş awtoulaglary peýda bolýar.

Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde döwlet münberiniň öňünden
ot açmaklygyň uly kuwwatyna we has uly çuňluga ody gönükdirmäge ukyby bolan artilleriýa bölümleriniň harby tehnikalary geçýärler.

«MAN» kysymly çekiji awtoulagyň üstünde milli goşunymyzyň topçulary başlaryny belent tutup barýarlar. Şeýle hem türkmen topçularynyň ezberlik bilen erk edýän Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki «D-30» we «D-20» kysymly gaubissa toplary harby ýöriş bilen barýarlar. Türkmen topçulary bu artilleriýa toplarynda dürli söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirip, harby hünär ussatlyklaryny kämilleşdirýärler.

152 millimetrlik «MSTA-B» we «GIASINT-B» kysymly tirkege alynýan toplary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin alnan ýaraglaryň bir görnüşidir. 122 millimetrlik «BM 21A BELGRAD» kysymly reaktiw artilleriýa toplumlary baýramçylygyň baş meýdançasynda peýda bolýarlar. Bu harby tehnikalar Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki iň döwrebap harby tehnikalardyr.

Goşunyň esasy urgy güýji bolan artilleriýa tehnikalarynyň hatary bilen milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzümine täze kabul edilen TATRA «RM-70» kysymly harby tehnikalary geçýärler. Artilleriýa goşunlarynyň düzümine täze kabul edilen bu kämil tehnikalar döwrebaplygy, takyklygy hem-de kuwwaty bilen aýratyn tapawutlanýar.

Olaryň yzyndan «BM-21 GRAD», 220 millimetrlik «Uragan» we 300 millimetrlik «SMERÇ» kysymly reaktiw artilleriýa toplumlary geçýärler.

Baýramçylyk harby ýörişi Harby-howa güýçleriniň hem-de howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi bilen dowam edýär.

Garaşsyzlyk meýdançasynda «MAN» kysymly awtoulagyň binýadynda ýerleşdirilen uçarmansyz uçarlar -- S-300 uçar-nyşan toplumy, WJ-600 we CH-3A kysymly köp maksatly, islendik howa şertlerinde uçýan söweşjeň uçarmansyz uçarlary, FALKO kysymly uçarmansyz uçary, şeýle hem LA-17 kysymly uçarmansyz uçarlary peýda bolýar. Olar howada aňtaw işlerini geçirmek, anyklamak hem-de ýer üsti nyşanalary şöhle bilen ugrukdyrylyp dolandyrylýan raketa bilen ýok etmek üçin niýetlenendir.

Olaryň yzysüre hemra aragatnaşygyny üpjün etmek üçin niýetlenen hemra aragatnaşyk stansiýalary geçýärler. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň aragatnaşykçylary bu kämil tehnikalaryň üsti bilen islendik şertlerde üznüksiz aragatnaşygy üpjün edýärler.

Dabaraly harby ýörişi «MAN» kysymly sowutlanan awtoulagyň binýadynda ýerleşdirilen radioelektron gözegçilik toplumy, şeýle hem «DONG FENG» kysymly awtoulagyň binýadynda ýerleşdirilenTS-504 kysymly troposfera aragatnaşyk stansiýalary dowam etdirýärler.

Soňra radiotehniki goşunlarynyň «KOLÇUGA» kysymly radioelektron ýagdaýa gözegçilik ediş toplumy hem-de YLS-2V, YLS-18 kysymly 3 koordinataly radiolokasiýa stansiýalary geçýärler. Bu radiolokasiýa stansiýalary ýakyn, orta we uzak aralyklardaky howa nyşanalaryny ýüze çykarmak hem-de yzarlamak üçin niýetlenendir. Olar ýurdumyzyň howa giňişliginiň goragyny ygtybarly üpjün edýärler.

Dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde «OSA», Peçora-2M we 2BM kysymly asmana atyjy raketa toplumlary hereket edýärler.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine täze kabul edilen «FM-90», FD-2000 (DM-14SD) we KS-1A (TM-14SD) kysymly bu asmana atyjy raketa toplumlary ilkinji gezek dabaraly harby ýörişden geçýärler.
Olar güýçli elektron päsgelçilik şertlerinde toparlaýyn hüjümleriň garşysyna, uçarlary, söweşjeň dikuçarlary, uçarmansyz uçarlary we ganatly raketalary, howa-ýer raketalary, takyk dolandyrylýan bombalary dürli beýikliklerde, şeýle hem taktiki-ballistiki raketalary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Dabaraly ýörişiň hatarlary bilen S-200W kysymly uzak aralyga täsirli asmana atyjy raketa toplumlary geçýär.

Soňra ýurdumyzyň baş meýdançasynda bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugynyň «Toýota HAÝLÝUKS», «COBRA», «MANTRA», «PMV-SURVIVOR II» kysymly harby awtoulaglary geçýärler. Olar kuwwatlylygy, ýokary tizliligi hem-de geçijilik ukyby bilen tapawutlanýarlar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmekde netijeli ulanylýar.

Olaryň yzysüre “IVECO” kysymly awtoulaglary dabara bilen geçýärler. Olaryň binýadynda ýerleşdirilen ZU-23 kysymly asmana atyjy raketa toplumlary pes belentlikde uçýan uçarlary we dikuçarlary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň goşunlarynyň ähli kysymlary hem-de hukuk goraýjy edaralary, şol sanda Içeri işler edaralary iň täze tehnikalar bilen yzygiderli üpjün edilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Bu gün Içeri işler ministrliginiň «PMV-SURVIVOR II», FORD, ŞEWROLET KAPTIWA, «TOÝOTA TUNDRA CREW MAX», «GMS Sierra 1500 CCSLE» kysymly sowutlanan ýeňil awtoulaglary geçýärler.

Harby ýöriş Içeri işler ministrliginiň tigirli desant toparynyň ýörişi bilen dowam edýär we motoulaglar kerweni ýöriş hereketi bilen XXV ýazgyny emele getirdiler. Bu ýazgy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini alamatlandyrýar.

Baýramçylyk ýörişi howada dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň harby uçarmanlary «MI-17» kysymly dikuçarlarda ata Watanymyzyň belent Tuguny hem-de goşunyň ykrarnamasy bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklary bilen dabaraly harby ýörişiň howa giňişligini bezeýärler. Olaryň yzýany bilen ýurdumyzyň dürli geografik şertlerden geçýän Döwlet serhedimiziň goragynda hem-de barmasy kyn bolan daglyk ýerlerde serhet asudalygyna gözegçilik etmek etmek üçin niýetlenen «AWGUSTA-139», Mi-8 we MI-24 kysymly dikuçarlary uçup geçýärler. Olary ussat türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar.

Ýurdumyzyň baş meýdançasynyň ýokarsynda Ýaragly Güýçlerimiziň MI-24 kysymly söweşjeň dikuçarlary peýda bolýar. Olar guryýer goşunlarynyň ot açyş kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň dikuçarlary eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmek işinde möhüm orun eýeleýär.

Howada harby ýörişi ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň “Eurocopter-145» we «S-76», Döwlet serhet gullugynyň “AWGUSTA-139” hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň “Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary dowam etdirýärler.

Olaryň yzysüre Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň döwrebap «Super Puma» kysymly dikuçarlary geçýär. Olar gije-gündiziň dowamynda dürli şertlerde tebigy we tehnogen hadysalar ýüze çykanda gözleg-halas ediş işlerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Olaryň yzyndan uly göwrümli ýükleri we adamlary daşamak, halas ediş we ýangyna garşy işleri geçirmek üçin niýetlenen «MI-17» kysymly harby-ulag dikuçary dabara bilen geçýär. Şeýle hem harby-howa güýçleriniň 2 sany «MI-8» kysymly köpmaksatly ulag dikuçarlary Garaşsyzlyk meýdançasynyň howa giňişliginden dabaraly harby ýörişi dowam edýärler.

Soňra meýdançanyň ýokarsyndan «Daýmont-42» kysymly ýörite uçar uçup geçýär. Ol aňtawçylyk uçuşlaryny geçirmek üçin niýetlenip, onuň kömegi bilen aňtaw uçuşlarynyň dowamynda ýazgy etmek we surata düşürmek mümkinçiligi bar.

Soňra Su-25 we Mig-29 kysymly söweşjeň uçarlar geçýärler. Uçarmanlar söweşjeň dikuçarlara we uçarlara ussatlyk bilen erk edip, eziz Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli howada “25” diýen ýazgy peýda bolýar.

Soňra harby ýörişe «AN-74» kysymly harby-ulag uçarlary dowam etdirýär. Garaşsyzlyk meýdançasynyň ýokarsyndan “SU-25” we sesden hem çalt uçýan MIG-29 kysymly söweşjeň uçarlar uçup geçýärler. Dabaranyň ahyrynda uçarlaryň uly topary “belent çüwdürim” ýaly çylşyrymly toparlaýyn emeli ýerine ýetirýär. Munuň özi harby uçarmanlaryň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär.

Bir söz bilen aýdylanda, harby ýörişe gatnaşýan bu döwrebap ýerüsti we howa harby tehnikalary hem-de ýaraglar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, milli Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra ýurdumyzyň baş meýdançasynda baýramçylyk ýörişi dowam edýär. Döwlet münberiniň öňünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary peýda bolýarlar. Olar Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyny nyzam emelleri bilen dabaralandyrýarlar.

Gaýduwsyz Watan goragçylary türkmen halkynyň nesilbaşysy, Türkmenistanyň çäginde ilkinji türkmen döwletini esaslandyryjy beýik serkerde we adalatly hökümdar Oguz han Türkmeniň şekilini emele getirýärler. Soňra münberiň öňünde hormat garawulynyň şahsy düzümi nyzam ýörişi bilen nesillere buýsanç nyşany bolan Garaşsyzlyk binasynyň şekilini emele getirýärler hem-de baş baýramymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýazgyny şekillendirýärler.

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörüşi milli Ýaragly Güýçlerimiziň Göreldeli harby orkestri dabaralandyrýar.

... Türkmenistanyň Garşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna Döwlet münberiniň öňünde bolup geçýän uly dabaralaryň dowamyny, däp boýunça, atlylaryň görkezme çykyşy açýar.

Dutaryň owazy astynda jigitleriň ikisi münberiň öňündäki meýdança ajaýyp bezelen ahalteke bedewini çykarýar. Bu bedew behişdi gözelligini, aýaklarynyň ýeňil hereket edişini, at esbaplarynyň deňsiz-taýsyz ajaýyplygyny ýüze çykarýar.

Arassa kümüşden guýlan ýaly owadan aty köpçülige görkezýärler. Watanymyzyň, tutuş türkmen halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz zähmeti üçin hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çuňňur, tüýs ýürekden hoşallygyň alamaty hökmünde döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan şöhratly tohumyň saýlama nesillerinden bolan bu täsin at sowgat berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sowgady kabul etmek üçin meýdança çykýar. Milli Liderimiz bedewiň ýanyna gelip, onuň boýnuna alaja daňýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary haýrana galdyryp, bedewe atlanýar hem-de ählumumy el çarpyşmalar astynda hormat bilen gezim edýär.

Ýurdumyzda milli baýramçylyklaryň hiç biri, hiç bir türkmen toýy, öňki döwürlerde bolşy ýaly, ahalteke bedewsiz geçmeýär. Ahalteke bedewi halkyň ynamdar hemrasyna, onuň ykbalynyň we ruhy dünýäsiniň nyşanyna öwrüldi. Bu gün ol türkmenleriň hakyky buýsanjydyr, milli taryhyň hem-de iň täze eýýamyň aýrylmaz arabaglanyşygyndan janly nyşandyr.

Watanymyzy, bedewleri terbiýelemegiň we köpeltmegiň ajaýyp däplerini, at çapmak sungatyny, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygy gorap saklan türkmen halkymyzy wasp edýän goşgular ýaňlanýar. Şahyrana setirler meşhur seýislere hem bagyşlandy. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasynyň uly dogany ajaýyp ussat atşynas Aba Annaýew bar. Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine tüýs ýürekden söýgüsini siňdirip, olaryň abraýyny we şöhratyny has-da artdyrmaga ägirt uly üns berýär.

Ahalteke atlarynyň 25-siniň uýanyndan çekip alyp barýan türkmen jigitleriniň ýörüşine atlylaryň üçüsi ýolbaşçylyk etdi. Bu görkezme çykyşynda Aba seýisiň hem-de onuň şägirtleri bolan Bajam Kowusyň we Annaguly Kiçiniň keşpleri janlandyryldy.

Ajaýyp atly ýöriş halkyň belent ruhuny we agzybirligini, täze maksatlara ýetmekde onuň jebisligini, ynamyny we aýgytlylygyny alamatlandyrýar.

Merdana çapyksuwarlaryň atyň arkasynda biri-biriniň eginleriniň üstüne münmek bilen ýerine ýetirýän hereketlerinde örboýuna galyp, türkmen Tuguny parladyp at çapmaklary bu maksatnamayň esasy bölegine öwrüldi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralar millionlarça adamlary birleşdirip dowam edýär: onuň telewideniýe arkaly görkezilişi göni ýaýlymda ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan watandaşlarymyza paýtagtymyzda bolup geçýän bu pursatlary synlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki zaman telegörkezilişiniň hem-de Internet-aragatnaşyklarynyň mümkinçilikleri arkaly dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylary hem türkmenistanlylaryň toý şatlygyny paýlaşyp bildiler.

Atly ýörişiň ornuna sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyşlar geçýär. Gopuzyň jadylaýjy owazy tomaşaçylary öňki asyrlara atarýana meňzeýär, soňra depçileriň uly topary kuwwatly depgin berýär. Milli kakylyp çalynýan saz gurallarynyň köplügi bu ýere ýygnananlaryň kalbyna güýçli täsirli duýgulary doldurýar. Artistleriň ýörüşi başlanýar—meýdança Türkmenistanyň meşhur folklor-tans, teatr we beýleki döredijilik toparlary çykýarlar.

Bu çykyşyň goýluşynda gadymy türkmen elipbiýniň harplarynyň nusgasy bolan tagmalar şekillendirilen baýdaklar hem ulanylypdyr. Munuň özi tomaşaçylary türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hanyň döwrüne atardy. Bu çykyşda Oguz hanyň keşbi hem janlandyryldy.

Milli zergärçilik sungatynyň öwüşginleri bilen bezelen sahnanyň basgançaklaryndan aşaklygyna baýramçylyk meýdançasyna düşüp, ol ata-babalarymyzdan nesillerimize hat bilen ýüzlenýär. Owadan gurnalan bu sahna depginli horeografiýa çykyşy bilen tamamlanýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň bellenýän ýylynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi ýöne ýerden däldir. Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň belent maksatlaryna, durmuşyň ýokary ölçeglerini berkitmäge, adamlaryň ruhy we döredijilik taýdan öz başarnyklaryny amala aşyrmak üçin şertler döretmäge tarap ugur alyp, esas goýujy milli maksatlaryň töweregine jebisleşip, biz şunda türkmen halkynyň taryhy tejribesinde bar bolan hemme gowy zatlary, däplerimizi we dessurlarymyzy, biziň miras diýip atlandyrýan ähli zatlarymyzy gorap saklaýarys we ösdürýäris.

Däpleriň täzelenişler bilen, nesilden-nesle aýawly geçirijiligiň täzeçillik we özgerdijilik bilen hut sazlaşykly utgaşmagy türkmen döwletliliginiň häzirki zaman tapgyry bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli aýratynlygyny şertlendirdi. Taryhy miras ýurdy döwrebaplaşdyrmagyň, onuň ähli pudaklarda özgertmeleriniň iş ýüzünde ulanylýan serişdesine öwrüldi hem-de täze mümkinçilikleriň, geljekki meýilleriň özleşdirilmegi halkyň gadymy pelsepewi-ahlak gymmatlyklarynda, onuň ruhy sütünlerinde gurulýar.

Ýurdumyzyň baş meýdançasynda ençeme gezek gaýtalanýan “Arkadaga, şöhrat!” diýen sözler ýaňlanyp, ol ýene we ýene-de gaýtalanýar.

Dabaraly ýöriş dowam edýär, şowhunly aýdym-sazlar we joşgunly tanslar oňa ajaýyp baýramçylyk ösüşginini goşýar. Ählihalk toýy türkmen topragyny gurşap aldy!

Ýurdumyzyň baş meýdaçasynda Mejlisiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri peýda bolýar. Ilkinji hatarlarda ähli welaýatlaryň hormatly ýaşululary, ak saçly eneler barýar.

Adamlaryň hatarynda milli nyşanlar bilen bezelen ulag ýuwaşlyk bilen hereket edip barýar. Türkmenistanyň Tugrasy bilen Türkmenistanyň Tugunyň ýanynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny hem-de onuň binagärlik nyşany bolan Konstitusiýa binasy şekillendirilipdir. Ýörişiň ýany bilen alyp baryjy döwletiň ösüşinde jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary kanun çykaryjy edarasynyň, onuň raýat we jemgyýetçilik institutlarynyň alyp barýan işlerine neneňsi uly orun berilýändigi barada gürrüň berýär.

Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzyň Garşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda aýratyn möhüm waka boldy.

Ýörişi Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri dowam edýär. Meýdançanyň öňünden ýurdumyzyň baş şäheriniň owadanlygyny artdyran paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň gurluşlary, täze gurluşyklar, binalar şekillendirilip, owadan bezelen awtoulag geçýär. Paýtagtymyzyň keşbi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan uly möçberli şäher gurluşyk maksatnamasy netijesinde düýpli özgerdi.

Ilatyň ýaşaýşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmek, adamlara häzirki zamanyň hemme eşretlerinden peýdalanmaga elýeterliligi üpjün edýän döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmek bu ähli özgertmeleriň baş alamatyna öwrüldi. Şu ýyl ajaýyp binagärlik açylyşlaryna beslendi. Şol açylyşlaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menzili aýratyn orun tutýar. Ol hem Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilip, dünýä rekordlarynyň sanawynda türkmen paýtagtynyň ajaýyp binalarynyň hataryny artdyrdy. Ak mermerli Aşgabada bagyşlanan şygyrlar belent heňde ýaňlanýar, ak howa şarlary asmana göterilýär.

Soňra ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň topary meýdança çykýar. Bu ulgama döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň öňdebaryjysy hökmünde aýratyn orun berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda başyny başlan düýpli özgertmeleri ony dünýä ölçegleriniň we talaplarynyň derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi. Ýokary hünärli işlgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek ileri tutulýan döwlet wezipesi hökmünde kesgitlenildi.

Şol maksatlar bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary girizilýär, ýokary mekdepleriň ulgamy giňelýär. Şu ýyl Aşgabatda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyşy boldy, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň döwrebap binalary ulanmaga tabşyryldy. Bularyň ählisi ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň esasyna öwürlen Türkmenistanyň bilim ulgamynyň kuwwatynyň has-da beýgelýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bilim we ylym ulgamynda gazanylan üstünlikler awtoulagyň çeperçilik taýdan bezelen şekillerinde we nyşanlarynda beýanyny tapdy. Bu ýerde, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň kitaplary görkezilýär. Ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, talyp ýaşlar milli Liderimizi mübärekläp, giň mümkinçilikleriň açylandygy üçin çuňňur hoşallygyny bildirýärler.

Soňra münberiň öňünden türgenleriň köpsanly topary geçýär. Olaryň arasynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejeli ýaryşlaryň ýeňijileri we baýrak eýeleri bar. Ajaýyp sport toplumylary we stadionlar, Aşgabatda gurluşygy tamamlanyp barýan sebitde iň iri Olimpiýa şäherjigi bu gün olaryň ygtyýarynda. Aziada-2017-niň baş nyşany bolan atyň kellesi şekillendirilen Olimpiýa stadionynyň keşbi awtoulagy bezeýär. Onuň ýany bilen öňde boljak Oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň 62-siniň baýdaklaryny alyp barýarlar.

Milli sport hereketiniň ösdürilmegine hem-de bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ajaýyp goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýokary derejeli altyn medalynyň gowşurylmagy şu ýylyň ajaýyp wakasy boldy.

Aziada barada joşgunly aýdymyň ýaňlanmagynda sport egin-eşigindäki oňa gatnaşyjylar bedenterbiýe maşklarynyň öwüşginleri bolan tansy ýerine ýetirýärler. Köpdürli reňkli şarlaryň ýüzlerçesi asmana uçurylýar.

Ykdysady düzümleriň, maliýe-bank ulgamynyň işgärleriniň ýörişi hem owadan görnüşlere beslendi. Olaryň bezeg serişdeleri Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depginini şöhlelendirýär. Bu bolsa halkyň durmuş-ykdysady derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge uly maddy serişdeleri gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Her ýyl aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylýar. Durnukly maliýe ulgamynyň, oýlanyşykly salgyt syýasatynyň netijesinde daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň özüne çekijiligi artýar.

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine mynasyp zähmet sowgatlary bilen geldiler. Bu barada aýdylýan gürrüňler owdan ýörüşe laýyk gelýär.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň söwda we telekeçilik ulgamynyň wekilleri hem bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, söwda we hyzmatlar ulgamynyň, hususy ulgamyň yzygilderli ösüşiniň üpjün edilmegi bäsleşige ukyply milli bazar ykdysadyýetiniň kemala getirilmeginiň möhüm şertidir. Hususy kärhanalar—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edilen we ýakynda açylan täze söwda merkezleri, köpsanly durmuş we senagat desgalary hem bu babatda anyk ädimleriň subutnamasyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň öndürijileriniň önümleri alyjylaryň ynamyny gazandy hem-de içerki bazarda mäkäm binýat tutdy, indi bolsa daşarky bazarlary hem ynamly özleşdirýär. Bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, ykdysadyýetiň netijeliligini artdyrmaga tarap ugur alyp. Türkmenistan telekeçilik işini hem-de ýurumyzyň işewür toparlarynyň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär. Bu gün türkmen işewürleri tarapyndan döredilen kärhanalar gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda netijeli işleýärler, halkyň sarp edýän harytlarynyň, azyk önümleriniň önümçiligi daşary ýurtly kompaniýalar bilen üstünlikli bäsleşýärler.

Baýramçylyk ýörişiniň dowamyny Awaza degişli çykyşlar alyp göterdi. Sary, ak we gök reňkler Günüň, altynsow kenar ýakalarynyň, deňziň, tolkunyň, çarlaklaryň we ýelkenleriň keşbine çalym edýär. Milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanylan hem-de türkmen topragynyň behişdi künjeginiň tebigy owadanlygyny çeper görnüşde döreden bu çykyşa gatnaşyjylaryň egin-eşikleri hut şol reňklerde boldy.

Bezelen awtoulagda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýüzi bolan ajaýyp myhmanhanalaryň we dynç alyş merkezleriniň şekilleri görkezilipdir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasy bilen döredilen bu ägirt uly taslama ýurdumyzdaky düýpli özgertmeleriň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Şu ýyl bu ýerde täze düzümleýin desgalar—“Ak ýelken” we ýaht-kluby bolan “Tolkun” kottejler toplumlary, “Gämi” myhmanhanasy we beýlekiler açyldy.

Türkmenistan özüni täze syýahatçylyk merkezi hökmünde ynamly tanadýar, Awaza hem işjeň halkara durmuşynyň bolup geçýän ýerine öwrülýär. Bu ýerde dürli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda festiwallar, forumlar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şoňa görä-de, Awaza etrabynyň häkimliginiň, syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň toparyna terjimeçiler hem, ýagny, D.Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Soňra ýörişe saglygy goraýyş we derman senagatynyň ulgamy goşuldy. Pudagyň işgärleriniň ellerinde baýdajyklar hem-de ak howa şarlary bar. Olaryň şeýle ak gurşawynda owadan bezelen awtoulag ýüzüp barýana meňzeýär. Onuň bezeg serişdelerinde ýurumyzyň lukmançylygynyň gazananlary beýan edilipdir.

Iň döwrebap merkezleriň we klinikalaryň ösen ulgamy bu gün ýurdumyzdaky lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini kepillendirýär. Olaryň gurluşygyna we enjamlaşdyrylmagyna döwletimiz ýüzlerçe million dollar sarp etdi. Aşgabat iri lukmançylyk merkezine öwrüldi. Bu ýerde ýokary tehnologiýaly klinikalar jemlenýär. Diňe şu ýylda bu ýerde iri desgalaryň dördüsi—Morfologiýa merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkezi hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi bir wagtyň özünde ulanmaga berildi.

Ösüşlere beslenen özgertmeler sebitlere, oba lukmançylygyna-da täsir etdi. Onlarça lukmançylyk merkezleriniň, şäher we etrap hassahanalarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar.

Kiçi zawoda meňzeýän görnüşde gurnalan awtoulag bilen birlikde meýdança senagat ulgamynyň işgjärleriniň topary çykýar. Ykdysadyýetiň bu ulgamynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Düýpli özgertmeler bu uly pudagyň ähli ugurlarynyň doly döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de ýygjam ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şol özgertmeler kärhanalary döwrebap tehnikalar we iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmagy, hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagy, önümçilik ösüşini we pudaklaýyn ylmy höweslendirmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Münberiň öňünde owadan bezelen awtoulaglar peýda bolýar. Olaryň birinde bereketli türkmen topragynyň nygmatlary hem-de ýurumyzyň oba hojalyk öndürijileriniň önümleri görkezilýär, beýleki ulagda bolsa dag gaýalary, şaglawuklary, tebigatyň goralýan künjeklerinde mesgen tutan janly jandarlar bolan tebigy görnüşler döredilipdir.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli oba hojalyk özgertmeleri aýdyň netijelerini berýär. Ýyl-ýyldan ösümlikleri ýetişdirmekde we maldarçylykda önümçiligiň möçberleri artdyrylýar, pudagyň düzümleri giňeldilýär we täzelenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ösdürilip ýetişdirilýän pagtanyň uly bölegini gaýtadan işleýär, döwletimiz şeýle hem bugdaýy eksport edýän ýurtlaryň hataryna goşuldy, azyk bolçulygy üpjün edildi.

Garaşsyzlyk baýramçylygyna gabatlap pagtaçylarymyz tarapyndan döwlet buýurmasy ýerine ýetirildi—1 million 50 müň tonna “ak altyn” tabşyryldy.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan bu gün ykdysayýetiň ähli pudaklarynyň zähmetkeşleri – döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna diýen ýaly wekilçilik edýän müňlerçe adamlar geçýär. Olaryň arasynda önümçiligiň öňdebaryjylary, görnükli ussatlar we esasy hünärmenler, şeýle hem ýaş işgärler bar.

Depginli ösýän pudaklaryň biri dokma senagatydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda tarp ýerden diýen ýaly ýokary tehnologiýaly eksport ugurly dokma senagaty döredildi. Ýurdumyz bäsleşige uykply ýokary hilli taýýar önümi öndürijiniň abraýyna mynasyp boldy. Halyçylyk ösüşiň täze depginine eýe boldy, ähli welaýatlarda haly önümçilikleriniň ulgamy giňeýär, deňsiz-taýsyz türkmen halylarynyň şöhraty täze öwüşginde şugla saçýar.

Ýurdumyzyň halyçylyk we dokma kärhanalarynyň zähmetkeşleri häzir döwrebap esaslarda gadymy senetçiligiň däpleri dowam etdirilýän öz pudagyny aýdyň görkezmäge çalyşdylar. Awtoulagyň diwarlyklarynda haly pannolary, türkmen dizaýnerçilerini baý mazmunly döwrebap egin-eşiklerini döretmäge ylham berýän däp bolan göller bar.

Meýdançada joşgunly baýramçylyk aýdymy çar ýana ýaňlanyp gidýär. Onuň sözlerinde gutlag we arzuwlar beýan edilip, folklor-etnografik topar joşgunly tansy ýerine ýetirýär.

Soňra münberiň öňünden awiasiýanyň, demir ýolçularyň, deňizçileriň we derýaçylaryň işgärleriniň egin-eşigindäki adamlaryň topary geçýär. Olaryň ýany bilen şol pudaklara degişlilikde bezelen awtoulaglar barýar. Ine, bultlaryň üstünden laçyn guş öz ganatlaryny gerdi. Laçynyň keşbi paýtagtymyzyň täze howa menziliniň binagärliginde hem-de ak-ýaşyl reňkli howa gämilerinde şekillendirilendir. Soňra otlularyň hatary hereket edýär, tolkunlaryň üstünden gämi ýüzüp gelýär. Bular “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, demir ýol edarasynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işgärleridir.

Milli Liderimiz tarapyndan amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglarynyň, söwda flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň wezipeleri toplumlaýyn çözülýär.

Gündogar-Günbatar we Demirgazyk Günorta ulag ýollarynyň häzirki zaman ulgamy döredilýär. Ol deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlarynyň ugurlaryny özünde jemleýär. Ýakyn wagtda Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji nobatdakysy—Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) bölegi ulanmaga tabşyrylar. Şol günler Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyna gatnaşyjylaryň uly wekiliýetleri Aşgabada ýygnanarlar.

Ulag-aragatnaşyk toplumy baradaky mowzyk awtomobil pudagynyň, aragatnaşyk we telearagatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistanyň milli kosmos agentliginiň işgärleriniň ýörişinde hem dowam edýär. Älem giňişligine milli emeli hemrasynyň çykarylmagy bilen Türkmenistan öňe tarap uly tehnologik ädim ädip, täze mümkinçilikleri hem-de ösüşiň gözýetimlerini açdy.

Meýdançada Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň—milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagynyň işgärleri peýda bolýarlar. Ýer astyndaky täsin baýlyklar Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy kuwwatly energetika döwletleriniň birine goşulmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin halkara turba geçirijiler boýunça giň möçberli taslamalaryň başy başlandy. Dünýäde iň iri gaz geçirijileriniň biri bolan Türkmenistan-Hytaý turbageçirijisiniň ulanmaga berilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Nebitgaz pudagynyň üstünlikleri buraw enjamlarynyň, turbageçirijileriň nusgalary şekillendirilip, bezelen awtoulagda aýdyň görkezilýär. Onuň ýany bilen ýörite iş egin-eşigindäki pudagyň zähmetkeşleriniň hatarlary barýar. Olar öz yhlasly zähmetleri bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýarlar, dünýäniň öňdebaryjy energetika döwleti hökmünde onuň derejesini berkidýärler. Watanymyzyň baýlyklary barada aýdym ýaňlanýar, özboluşly tans ýurdymyzyň senagat taýdan ösüşini görkezýär.

Soňra Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrigi peýda boldy. Awtoulagda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň keşbini özgerden ak mermerli binalaryň tutuş toplumy bar. Türkmen binagärçiliginiň gadymy ajaýyplyklary hökmünde olar halkyň geçmişi barada beýan edýän hem-de geljekde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hakynda biziň günlerimiziň binagärlik “senenamasy” nesillerimize ynamly gürrüň berer. Häzir Türkmenistanda täze gurluşyklar ähli möçberlerde—interýerden başlap tebigy landşafta çenli adamyň bähbidi üçin giňişligi özgertmäge ulgamlaýyn çemeleşilmegi bilen tapawutlanýar. Hut şeýle çemeleşmede hem türkmen şäher gurluşygynyň iň oňat eserleriniň güýji we gözelligi jemlenýär.

... Baýramçylyk ýörişi dowam edýär—dürli önümçilikleriň iş egin-eşigindäki köpsanly işçileri, eneretikanyň pudak edaralarynyň hünärmenleri meýdança çykýarlar. Ulagyň üstünde kuwwaty barha artýan içerki sarp edijiligi üpjün edýän önümçilik gurnamalarynyň, türkmen elektroenergiýasyny goňşy ýurtlara ýetirýän ýokary woltly elektrik geçirijileriniň nusgalary görkezilýär.

Türkmenistan energetika ulgamynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan desgalaryň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Meýdança ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleriniň topary çykýar. Her sebit häzirki zamanyň binagärlik gözelligi bilen şertli alamatlandyrylan uly karta bilen bezelen awtoulagyň üstünde her welaýatyň nyşany hökmünde göllerden taýýarlanylan älemgoşarly owadan görnüşler ýerleşdirilipdir. Ilkinji orunda maşgala ojagynyň, mähriban öýüň hem-de milli däplere wepalylygyň nyşany bolan tamdyr bar. Onuň ýanynda hormatly aksakgallara we ak saçly enelere, ýaş nesillere orun berlipdir.

Topara gatnaşyjylaryň arasynda welaýatlaryň dürli düzümleriniň zähmetkeşleri bar. Olaryň yhlasy bilen şäherlerimiz we obalarymyz abadanlaşdyrylan we arassalanan görnüşe eýe bolýar, ähli künjeklere täze durmuş gelýär. Özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde sebitlerde mekdepleri we çagalar baglaryny, saglyk öýlerini we medeniýet öýlerini özünde jemleýän zerur durmuş düzümleri, söwda kärhanalary, aragatnaşyk bölümleri we beýlekiler bolan täze obalar gurulýar.

Beýleki ulagda sungatyň nyşanlary, dünýäniň nusgawy we milli mirasyň keşpleri: lira we dutar bar. Türkmenistanda bolup geçýän möhüm we durmuş-ykdysady özgertmeler döwletiň medeniýet syýasatynda-da öz yzyny goýdy. Onuň gerimi jemgyýetçilik durmuşynyň esasy taraplaryny, ýagny döredijilik we terbiýeçilik-aň-bilim ugrundan başlap, ýurduň daşary ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy häsiýetli ugurlara çenli taraplary gurşap aldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm medeni taslamalara diňe bir howandarlyk etmän, eýsem, olaryň başyny başlap, amala aşyrylmagynda iş ýüzünde goldaw berýär. Hut şu babatda hem has giň halkara möçberinde milli medeniýeti wagyz etmek ýaly ugruň güýçlenmegi, milletara medeni gatnaşyklaryň, köp dürli döredijilik gatnaşyklarynyň we alyş-çalyşmalaryň işjeňleşmegi bolup geçýär.

Dabaraly ýörişiň iň owadan we giň bölegi, hemişe bolşy ýaly, çagalara – Watanymyzyň umyt-arzuwlaryna we geljegine berildi. Bu mowzugyň baýramçylyk bezelişinde üç ugry bölüp görkezmek bolar. Olar mylaýym gülleriň keşbinde beýan edilen alada we söýgi, ösen şahsyýetiň kemala gelmeginiň zerur bolan şerti hökmünde bilim we elbetde, çaga kalbynyň we oý-hyýallarynyň joşguny hökmünde arzuwdyr. Uzaklara ymtylan bedewler arzuwlaryň hasyl bolmasyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň baş meýdançasynda iň oňat çagalar döredijilik toparlary, ýaş zehinler we kiçijik artistler şowhunly tansly çykyşy ýerine ýetirýärler, bagtyýar çagalyk we söýgüli Watanymyz, dostluk we arzuwlaryň hasyl bolmagy baradaky şatlykly aýdym ýaňlanýar.

Olara—ata-babalarymyzyň parasatly däplerini we öwüt-ündewlerini dowam etdiriji ýaşlara biz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň geljekki ykbalyny ynanýarys. Şoňa görä-de, döwletimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň iň döwrebap, ýokary hilli bilimleri ele almaklary, üstünlikleri gazanmaklary, erkin we bagtyýar ýaşamaklary, döredijilikli we ylham bilen zähmet çekmekleri üçin hemme şertleri döredýär we döreder.

Gazallara häsiýetli bolan ýaňlanan küştdepdi mukamy ýörişe gatnaşyjylary – ululary hem, çagalary hem agzybirlikli tansa jemledi. Bu tans halk agzybirliginiň ruhuny iň oňat derejede beýan edýär. Onuň döredijilikli maksady, hemmelere täsir eden kuwwatly güýji şatlyk we ruhubelentlik paýlaýar.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky şanly dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Watanymyza we Garaşsyzlygymyza bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazly, tansly çykyş bilen tamamlanýar.

Baýramçylyk dabaralary bolsa tutuş ýurdumyz boýunça, ähli şäherlerde we obalarda dowam etdi.

***

Şu gün agşamara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdaçada Garaşsyzlyk güni mynasybetli konsert çykyşlary boldy. Bu ýere paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar.

Dabara aýdym-saz sahnasynyň ýyldyzlary, ussat we ýaş estrada ýerine ýetirijileri, şol sanda “Ýaňlan, Dyýarym!-2016” bäsleşiginiň ýeňijileri, “Aşgabat” orkestri, “Serpaý” we “Laçyn” folklor toparlary, “Meňli” we “Näzli” tans toparlary, “Läle” gyzlar topary hem-de Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory gatnaşdylar.

Garaňky düşmegi bilen baýramçylyk salýutynyň gümmürdileri ýaňlandy we gijeki asmanda “Älem” merkeziniň syn ediş ägirt uly çarhynyň depesinde müň dürli reňkli öwüşginler peýda boldy. Garaşsyzlyk güni mynasybetli feýerwerkler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde hem gijeki asmany bezedi.

Hemme ýerlerde baýramçylyk gutlaglary we:

Mukaddes Garaşsyzlyga şöhrat!

Arkadaga şöhrat!

Öňe! Diňe öňe, jan Watanym—Türkmenistan! diýen şygarlar dabaraly ýaňlandy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter