Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

опубликованно 27.10.2016 // 1301 - просмотров
 

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, umumymilli baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

A. Žilkiniň belleýşi ýaly, ol öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň Astrahan oblasty bilen baglanyşdyrýan Türkmenistana ýene-de gelip görýändigine şatdyr, olar ykdysady taslamalary amala aşyrmakda, şeýle hem ynsanperwer ulgamda çalt depginler bilen ösýärler.

Hormaly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz Russiýanyň sebitleri hem-de esasy senagat, bilim we medeni merkezleri bilen göni gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwletara türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ol häzirki döwürde täze itergä we baý mazmuna eýe boldy diýip belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Astrahan oblasynyň gubernatory ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary ýaly ileri tutulýan ugurlara ünsi jemlediler.

Russiýaly myhmanyň belleýşi ýaly, transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, şol sanda Eýran, Owganystan, Hindistan ugurda ýollary döretmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan iri halkara taslamalary hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açýar. Şunda Astrahan oblastynyň çäginde türkmen harytlaryny Russiýanyň bazaryna çykarmak boýunça optiki-logistik merkezini açmaga, şeýle hem Aşgabadyň we Astrahayň arasynda göni uçar gatnawyny ýola goýmaga gyzyklanmanyň bardygy bellenildi. A.Žilkiniň belleýşi ýaly, bularyň hemmesi iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem Hazaryň kenarynda kemala gelýän Awaza milli syýahatçylyk zolagyny nazara almak bilen, syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmäge hyzmat eder.

Duşuşygyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň bu sebitinde kowçum bolup ýaşaýyn köpsanly türkmenleri nazara almak bilen, uly ähmiýete eýe bolan medeni-ynsanperer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkäp, biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine özara ynam bildirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter