“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyň rus diline terjimesiniň tanyşdyrylyşy | TDH
Medeniýet

“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyň rus diline terjimesiniň tanyşdyrylyşy

опубликованно 26.10.2016 // 2721 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynda uly sarpalanýan ussat Şükür bagşy hakynda gürrüň berýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly rus dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýanyň “Areti” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar, şol sanda sport düzümlerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň çäklerinde myhman döwlet Baştutanymyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” aly kitabynyň rus diline terjime edilen nusgasyny gowşurdy.

Milli Liderimiz kompaniýanyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, rus diline terjime edilen kitaplaryň 4 müň nusgasynyň hemmesiniň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda hereket edýän Medeniýet ministrligine we bilim ojaklaryna degişli kitaphanalaryna iberiljekdigini belledi.

Kitaphananyň eýwanynda milli Liderimiziň ylmy we edebi işlerinden düzülen kitap sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Onda döwlet Baştutanymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly täze kitabyna möhüm orun berlipdir.

Soňra dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we kärhanalaryň wekilleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym we bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly tagalla edýändigini belläp, milli Liderimiziň bu eseriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrülendigini nygtadylar. Halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly däp-dessurlaryna bagyşlanan we owadan bezegi bolan bu eserde türkmen sungatynyň dünýä derejesindäki ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň rus diline terjime edilen çuňňur many-mazmuna we kämil çeperçilik derejesine eýe bolan bu kitabyň okyjylarynyň sany has-da artyp, neşiriň terbiýeçilik we watansöýüjilik ähmiýetini ýokarlandyrýar.

Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän sungaty ýurdumyzda ähli döwürlerde aýratyn hormat-sylaga mynasyp bolupdyr. Halk sazandalarynyň aýdymlary we sazlary bagt we aladalar, şatlyk we gaýgy, kalbyň gözelligi we duýgular barada maglumat berýän sungata öwrülipdir. Dutaryň owazynyň bejerijilik ähmiýetiniň bardygyny, onuň ýadawlygy aýyrýandygyny we ynsanyň güýjüne güýç, kuwwatyna kuwwat goşýandygyny belleýärler. Munuň özi türkmen halkynyň döredijilik zehini bilen dutaryň owazynyň özboluşly gudrata eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Tanyşdyryş çäresiniň dowamynda milli Liderimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitabyndan döwürleriň we nesilleriň, taryhyň we häzirki döwrüň, türkmen medeniýetiniň we durmuşynyň aýrylmaz baglanyşygyny äşgär edýän parçalar okaldy.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň saklanmagy hem-de wagyz edilmegi, sungat äleminde yz goýan belli şahslaryň ýatlanmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar we öz öňlerinde durýan jogapkärli wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi babatda ukyp- başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter