Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

опубликованно 26.10.2016 // 1069 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşler biri-biri bilen mähirli salamlaşyp, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini bellediler. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji milli Liderimizi we tutuş halkymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de ýurdumyzyň yzygiderli ösüşini we onuň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyny şertlendiren giň möçberli özgertmeleriň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanýan doganlyk Özbegistan bilen däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we taraplaryň netijeli gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Döwletara syýasy gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, düri pudaklardaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan gumanitar ulgamdaky özara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji iki ýurduň halklaryny umumy taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň, köpasyrlyk hoşniýetli dessurlaryň baglanyşdyrýandygyny, olaryň häirki döwürde täze mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigini bellediler.

Şeýle hem söhbetdeşler halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar we sebitleýin hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek babatda taraplaryň çemeleşmeleriniň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Telefon gepleşiginiň ahyrynda söhbetdeşler türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy bilen amala aşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter