Türkmenistan sebitiň maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm merkezine öwrülýär | TDH
Teswirlemeler

Türkmenistan sebitiň maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm merkezine öwrülýär

опубликованно 26.10.2016 // 2000 - просмотров
 

Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ägirt uly tehnologiýa ösüşini amala aşyrdy. Bu maksatnamada innowasiýalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, şol sanda aragatnaşyk ulgamynda gazanylanlaryň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär.

Halkara ülňülerine gabat gelýän hem-de maglumat alyşmagyň ýokary hilli üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez hökmünde, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ähmiýetiniň barha artmagyna ýardam berýär.

Pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy tejribäniň hem-de täzelikleriň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda aragatnaşyk, sanly tele we radio eşitdirişiň köp şahaly ulgamy üstünlikli hereket edýär, resminama dolanyşygynyň elektron usullary ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň ulgamynyň ösdürilmegi giň zolakly internete goşulyşmak hem-de maglumatlary ýokary tizlikde bermegi üpjün edýär. “Altyn asyr” milli öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileriň sany barha artýar.

Ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli tele we radio eşdiriş ýaýlymlarynyň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler we şertler açyldy. Maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary babatynda işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny kämilleşdirmek dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy milli ykdysadyýetimiziň has okgunly ösýän pudaklarynyň hataryna goşuldy. 2016-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Aragatnaşyk ministrliginiň kärhanalary, şol sanda “Altyn asyr”, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” hem-de “Türkmen hemrasy” ýaly ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan esasy işlerinden alynýan girdejileriň möçberi 1,1 milliard manatdan geçdi, munuň özi 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,5 göterim köpdür. Bu görkeziji boýunça meýilnama
5,5 göterim artyk ýerine ýetirildi. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi 1,7 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, aragatnaşyk hyzmatlaryndan alynýan girdejileriň umumy möçberi 2016-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 1,7 milliard manatdan gowrak boldy hem-de 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,5 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara telefon aragatnaşygyň hem-de maglumatlary geçirmegiň göwrümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara baş süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlarynyň bäşisini özüne birikdirýär, olar Aşgabat-Bajygyran (Eýran), Serhetabat-Hyrat (Owganystan), Ymamnazar-Akina (Owganystan), Türkmenabat-Buhara (Özbegistan) we Garabogaz-Fetisow (Gazagystan) aragatnaşyk ulgamlarydyr.

Ýurdumyzda halkalaýyn Aşgabat-Mary-Türkmenabat-Daşoguz-Aşgabat hem-de Garabogaz-Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat-Atamyrat-Ymamnazar radial baş süýümli-optiki ulgamlaryň ikisi hereket edýär, olar goňşy döwletleriň degişli düzümleri bilen birleşdirilendir. Olary gurnamagyň taslamalary DWDM tehnologiýasynyň binýadynda durmuşa geçrildi, ol geçirijiligi halkara üstaşyr hem-de ýerli akymlary goýbermekde sekuntda 100 gigabit geçirijiligi bolan köp ýaýlymly optiki ulgamlardyr.

Müşderileri giň zolakly internete birikdirmek üçin mümkinçilikleri bolan baş hem-de içki zolakdaky kabel aragatanşyk ulgamlarynyň gerimi barha ösdürilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynda 800-den gowrak telefon beketleri ulanylýar, olaryň 90 göterimden gowragy bolsa sanly beketlerdir.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň ýarysyndan gowragy “öýe çenli süýümli ulgam” bilen gurşalandyr, ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde kabel ulgamlarynyň süýüm-optiki geçirijiler bilen çalşyrylmagy dowam etdirilýär, munuň özi häzirki zaman ýokary tehnologiýaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün edýär. Internet hyzmatlaryndan pedalanyjylaryň sany ýokary depginlerde artýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda bu görkeziji 5 esse diýen ýaly artdy. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi her ýylda daşky internet akymynyň möçberini 30-40 göterim artdyrýar.

Häzirki wagtda ADSL hem-de aýrylaşdyrylan ulgamlar, Wi-Fi tehnologiýasy esasynda internet hyzmatlary edilýär. welaýat we etrap mekrezlerinde NGN tehnologiýasy boýunça iň täze telefon beketleri gurnalýar, olar telefon we internet aragatnaşygy hyzmatlaryndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Öýjükli aragatnaşygyň binýatlaýyn beketleriniň ähli ýerlerde gurnalmagy maglumatlary geçirmegiň ýokary tizlikli usulyny üpjün etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde ilatly ýerleriň 97 göterimden gowragy aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edildi.

Diňe "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde 2008-nji ýyldan başlap, häzirki wagta çenli ýurdumyzyň sebitlerinde aragatnaşyk ulgamynyň 20,5 müň kilometre golaýy çekildi.

Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderileriniň sany 50 göterimden gowrak artdy. “Altyn Asyr” milli öýjükli aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan TMCELL haryt nyşany bilen 2G GPRS, 3G WCDMA we 4G LTE tehnologiýalary boýunça ykjam internet hyzmatlary hödürlenilýär. Hyzmatlaryň görnüşlerinii giňeltmek hem-de hilini gowulandyrmak, şeýle hem olaryň ýaýrawyny artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Geljek ýyl Aşgabatda 62 ýurtdan türgenleriň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda, aragatnaşyk ulgamynyň geçirijiliginiň tehniki üpjünçiligi, multimedia önümlerini hödürlemek, daşky internet ulgamynyň göwrümini hem-de internetden peýdalanyjylaryň sanyny artdyrmak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter