Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasyny kabul etdi

опубликованно 26.10.2016 // 1060 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy, “Faýsal” kompaniýasynyň baştutany şeýh Faýsal bin Naser Al-Tanini kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, milli Liderimize Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýh Faýsal bin Naser Al-Tani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, öz ýurdunda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Milli Liderimiz Kataryň Döwletiniň Emirine hem-de tutuş halkyna hoşniýetli sözleri we ýagşy arzuwlary aýdyp, ilki başdan ynanyşmak we netijeli häsiýetde ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň oktýabrynda Katar Döwletine hem-de Kataryň emiriniň şu ýylyň mart aýynda ýurdumyza bolan resmi saparlarynyň netijeleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar arkaly sazlaşykly ösýän türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, dürli pudaklardaky netijeli hyzmatdaşlygy artdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hasaplanýan
ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Şunluk, häzirkizaman ýagdaýlaryny nazara alamk bilen, uzakmöhletleýin esasda köp ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýän Hökümetara türkmen-katar toparynyň orny aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hasaplanýan däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi. Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Onuň ösdürilmegine iki ýurt hem uly üns berýär. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýär.

Duşuşygyň ahyrynda şeýh Faýsal Bin Naser Al-Tani Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistana gelmek mümkinçiliginiň dörändigine örän şatdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür we Watanyň gülläp ösmeginiň, halkyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman netijeli türkmen-katar gatnaşyklarynyň mizemez dostluga we taraplaryň hoşniýetli erkine daýanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Katar Döwletiniň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halifa bin Ahmad Al-Suwaidi gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter