Watan goragçylaryna döwlet sylaglary | TDH
Syýasat habarlary

Watan goragçylaryna döwlet sylaglary

опубликованно 22.10.2016 // 1110 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň has tapawutlanan işgärlerine, harby gullukçylaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralaryna gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň merkezi serkerdeler öýüniň ýanyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ýolbaşçylarynyň, harby gullukçylarynyň we işgärleriniň “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasyna taýýardyklary barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, binanyň içine girdi we bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň öňünde çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen olary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 25 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlady.

Garaşsyzlygyň Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly senedigini, onuň ata-babalarymyzyň asyrlar boýy eden arzuwlarynyň hasyl bolmagydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bitarap döwletimiziň ýeten belent sepgitleriniň, gazanan halkara abraýynyň mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen berk baglanyşyklydygyny aýtdy.

Ata Watanymyz özbaşdaklygyna eýe bolandan soň döredilen milli Ýaragly Güýçlerimiz Garaşsyz döwletimiz bilen bilelikde ösdi, kämilleşdi, ata-babalarymyzyň parahatçylyksöýüji, dost-doganlyk ýörelgelerini, gahrymançylyga beslenen harby däplerini dowam edip, goranmak häsiýetine eýe bolan kuwwatly goşuna öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Geçen çärýek asyryň döwründe milli Goşunymyzyň üpjünçiliginiň we söweşjeň ukybynyň ýokarlanandygyny, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin amatly ýaşaýyş, gulluk şertleriniň döredilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz harby kanunçylyk ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilendigini belledi.

27-nji oktýabrda Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň baş meýdançasynda dabaraly harby ýörişiň geçiriljekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz munuň milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň we söweşjeň kuwwatynyň ýokarydygyny dünýä äşgär edýändigini aýtdy.

Bitarap döwletimiziň goranmak häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet işiniň möhüm ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli goşunyň söweşjeň taýýarlygynyň barlagy Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirildi, bu bolsa Ýaragly Güýçlerimiziň söweşjeň ukybynyň we harby gullukçylaryň ussatlygynyň ýokarydygyny aýdyň görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Harby gullukçylaryň ata-babalarymyzyň şan-şöhratly däplerine wepaly bolup, ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy jandan eziz görüp gorajakdyklaryna, olaryň Berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy boljakdygyna we mukaddes borjy abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz has tapawutlanan harby gullukçylary we işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli sylaglamak baradaky Permanlara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny, harby gullukçylaryny we işgärlerini “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permanyny okaýar.

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gowşuran döwlet sylaglaryny uly hormat bilen alýarlar we mukaddes Tuguň öňünde tagzym edip, watançylyk kasamyny ýerine ýetirýärler.

Munuň özi Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmakda, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde, ýurdumyzda parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň berkarar bolmagynda möhüm orun eýeleýän harby gullukçylaryň döwlet derejesinde sylaglanýandygyny, olar hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär eden waka öwrüldi.

Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan harby gullukçylar Watanymyzyň parahatçylygy, asudalygy, Türkmenistanyň dost-doganlyk serhetleriniň eldegrilmesizligi, ýurdumyzda kanunçylygyň, tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny, mähriban Watanymyza, hormatly Arkadag Prezidentimize wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý. Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli ýolbaşçylarynyň, harby gullukçylarynyň we işgärleriniň adyndan Belent Serkerdebaşymyza ýokary döwlet sylaglaryny we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesini giňden beýan edýän gymmatly eserini gowşurandygy üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlary we dabara gatnaşyjylaryň hemmesini mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllyk şanly baýramçylygy bilen ýene bir ýola gutlady we olaryň alyp barýan örän jogapkärçilikli gulluklarynda mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň bolsa ýurdumyzda kanunçylygyň berk berjaý edilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi we olar bilen hoşlaşyp bu ýerden ugrady.

***

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň has tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we olaryň düzüm bölümleriniň hem-de döredijilik işgärlerine, şeýle hem özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we medeni ruhy taýdan ösmegine, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşan zähmet weteranlaryna, hormatly dynç alyşdakylara döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralary boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen dabaraly çäreler tutuş halkymyzyň amatly iş, ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň döredilmegine, öz borçnamalaryny jogapkärçilikli we öz wagtynda ýerine ýetirýän adamlaryň başlangyçlarynyň, olaryň Watana bolan wepasynyň höweslendirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ulgamyny nazarlaýandygyny äşgär etdi.

Ýurdumyzyň birnäçe raýatlary döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary, köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy, gazanan üstünligi üçin, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şanly 25 ýyllyk dabarasy mynasybetli “Galkynyş” ordeni, “Gaýrat” we “Watana bolan söýgisi üçin” medallary bilen sylaglandylar.

Şeýle hem birnäçe raýatlarymyza “Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri”, “Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri”, “Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri”, “Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri”, “Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy” ýaly hormatly atlar dakyldy.

Dürli kärde işleýän we dürli ýaşdaky, dürli milletlerden bolan türkmenistanlylaryň köp sanlysy halal zähmeti, hünär ussatlygy üçin “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Hormatly dynç alyşdakylaryň birnäçesiniň bitiren hyzmatlary aýratyn bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen dost-doganlyk, medeni ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşan we netijeli jemgyýetçilik işi üçin daşary ýurtlaryň birnäçe raýatlary hem “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglandylar.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň, medeniýet, sungat, ylym, bilim ulgamlarynyň, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine önjeýli goşant goşan we XX we XXI asyrlaryň dowamynda netijeli işlän merhumlaryň bir topary “Watana bolan söýgüsi üçin” medallaryna mynasyp bolandyklary yglan edildi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowa “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordenini bermek karar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, öz işine berlen, netijeli işleri, köpýyllyk halal zähmeti üçin döwlet sylaglaryna hödürlenen watandaşlarymyzy sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzda ähli tejribesini, ukyp-başarnygyny Watana gulluk etmek işine bagyşlaýan we ýaşlara mynasyp görelde bolýan hünär ussatlaryna aýratyn hormat goýulýandygyny alamatlandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen çäreleriň dowamynda Watanymyzyň ýokary sylagyna mynasyp bolan işgärlere mähirli sözler aýdyldy we olara Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk senesi mynasybetli gutlag sözleri, bagt, abadançylyk, saýlap alan hünärinde täze uly üstünlikler arzuw edildi.

Dabara gatnaşyjylar öz gezeginde özleriniň işine berlen ýokary baha, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz tagallasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimize mähirli hoşallyklaryny beýan eden dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we milletiň agzybirliginiň, bütewiliginiň, jemgyýetimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter