Türkmenistanyň üstünlikleriniň şanly sergisi işine başlady | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň üstünlikleriniň şanly sergisi işine başlady

опубликованно 11.10.2016 // 946 - просмотров
 

Aşgabat, 11-nji oktýabr /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi işine başlady. Garaşsyz Watanymyzyň häzirki zaman taryhynda baş baýramçylygymyzyň öň ýanynda her ýyl geçirilýän bu gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň kemala gelmegine, türkmen halkynyň maddy we ruhy durmuşyndaky iri möçberli özgertmelerde, täsin medeni mirasyň gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakda möhüm wakalaryň özboluşly ajaýyp ýylýazgysyna öwrüldi.

Däp boýunça Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan, bu ykdysady forum aýratyn ähmiýete eýedir. Senagat taýdan ösüş ýoluna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan ýokary ykdysady ösüşiň, serişde kuwwatynyň hem-de ählumumy dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna okgunly goşulyşýan ýurduň ägirt uly geljeginiň nusgasyny bütin dünýä görkezýär. Muňa Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň ösen döwletleri bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň köp ugurlarynda Türkmenistanyň işjeň ösdürilýän netijeli gatnaşyklary şaýatlyk edýär.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Türkmenistana iş sapary hem köpýyllyk ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, däp bolan işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanmalaryň ajaýyp subutnamasydyr. Ýokary derejeli myhman türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Tatarystanyň günlerine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Tatarystanyň baştutany we düzüminde respublikanyň işewür toparlary bolan wekiliýetiň agzalary ykdysady gözden geçirilişiň hormatly myhmanlary boldular.

Köptaraply sergi Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýerleşdirildi. Oňa gatnaşyjylary we forumyň myhmanlaryny döredijilik toparlary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar bilen garşyladylar. Bagşylaryň ýerine ýetirmeginde Sergi merkezinde ýaňlanan halk aýdym-sazlary baýramçylyk wakalaryna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen we daşary ýurt telekeçileri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we ony guraýjylara iberen Gutlagynda ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler, uly möçberli işler amala aşyryldy we bu ugurda alnyp barylýan işler depginli dowam etdirilýär diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň möçberi taýdan deňsiz-taýsyz işlerini şöhlelendirýän serginiň köpsanly diwarlyklary munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Pudagara foruma ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyna wekilçilik edýän döwlet düzümleri hem-de hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýar. Mahabatyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täze harytlary hem-de teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Energetika we senagat, nebit hem-de gaz, nebithimiýa, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, ulag, aragatnaşyk, dokma senagaty hem-de halyçylyk, himiýa pudagy, oba hem-de suw hojalygy, oba senagat toplumy, lukmançylyk senagaty, bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goramak we bagy-bossanlyk--bu ulgamlaryň ählisiniň depginli ösüşi görkezilen wideoşekillerde, ussatlyk bilen taýýarlanylan nusgalarda, owadan gollanmalar, žurnallar görnüşinde çaphana önümlerinde öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň binýatlyk ulgamy—ýangyç-energetika toplumy düzüm bölümlerinde giňişleýin görkezilýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň diwarlygy ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň – “Galkynyş” gaz käniniň işlenip taýýarlanylyşynyň hem-de arassalanylan harytlyk gazyň öndürilişiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tapgyrlary, polietilen we polipropilen hem-de ýokary oktanly benzin öndürmek üçin tebigy gazyň senagat taýdan gaýtadan işlenilişiniň täze tehnologiýalarynyň esasyndaky iki sany ägirt uly gazhimiýa toplumlary barada gürrüň berýär.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň alyp barýan işleri hem mazmuny boýunça arabaglanyşyklydyr. Himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda halk hojalygynyň islegini üpjün etmek üçin mineral dökünleri, nebit önümlerinden, gurluşyk serişdelerinden önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek bar. Pudagyň ägirt uly eksport kuwwaty kaliý dökünleriniň önümçiliginiň esasyna goýlandyr. Munuň özi Lebap welaýatynda Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy zawodyň açylmagy bilen mümkin bolar. Watanymyzyň dag-magdan gaýtadan işleýän senagatynyň geljegi bu kärhana bilen baglanyşdyrylýar.

Ýurdumyzda gatnawlaryň utgaşdyrylan ulgamy üstünlikli döredilýär. Ol iri halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol hem-de howa çatryklaryna çykmak arkaly howa we ýerüsti ýollary birleşdirýär. Bular barada ulag ulgamynyň ministrlikleriniň we pudak kärhanalarynyň diwarlyklary gürrüň berýär. Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öň ýanynda iň ýokary derejede döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze Halkara howa menziliniň açylmagy ajaýyp waka boldy. Sebitde toplumyň iri taslamasy “Construction Excellence Award” baýragyna mynasyp boldy. Ol ajaýyp binagärlik konsepsiýasyny, taslama düzülişiniň we gurluşygynyň hilini ykrar edýär. Bu toplum binagärlik görnüşi we öňdebaryjy tehnologiýalar üçin “International Star Award for Qiality” baýragyna hem eýe boldy. Paýtagtymyzyň howa menziliniň ulanylmaga berilmegi türkmen awiasiýasynyň, halkara söwda-ykdysady we ynsanperwer aragatnaşyklarynyň, syýahatçylygyň has-da ösdürilmegine ýardam berer. Taslamanyň baş ýolagçy terminalynyň binasynyň ýokarsynda haly gölüniň dünýäde iň uly binagärlik şekili üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi bellärliklidir.

Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda gurluşyk senagaty hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bar. Bu ulgamlarda dürli ähmiýetli binalary, şol sanda şäherleriň, etrap merkezleriniň, şäherçeleriň we obalaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça uly möçberli Milli özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Häzir ýurdumyzyň hünärmenleriniň güýçleri bilen önümçilik we durmuş ähmiýetli döwrebap binalar we toplumlar, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, okuw binalary, dünýä ölçegleriniň derejesinde lukmançylyk merkezleri güýçli depginde gurulýar.

Ak mermerli paýtagtymyzyň myhmanlary bu gün Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri diýip ykrar edýärler. Paýtagtymyzyň özgeren keşbi öz binagärlik taýdan baýlygy we milli öwüşginleri bilen haýran edýär. “Ak şäherim Aşgabat” diýen diwarlyk türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan başy başlanan hem-de türkmenistanlylaryň durmuşynyň we dynç alşynyň hilini has doly üpjün etmäge gönükdirilen uly möçberli maksadalaýyk şähergurluşyk maksatnamasynyň ajaýyp mysalyny görkezýär. Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri, Jemagat hojalygy ministrlikleriniň bölümleri gülleriň we gök bag nahallarynyň köpdürlüligi bilen haýran edýär. Şol güllerdir baglar häzir tutuş ýurdumyz boýunça şäherleriň seýilgählerini we tebigy ýerlerini bezeýär.

Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň öňdebaryjy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini görkezdi. Nah we ýüpek matalarynyň, tikin we trikotaž önümleriniň baý görnüşlerini olaryň ýokary hili we ajaýyp gözelligi, milli däplere ygrarlylygy tapawutlandyrýar.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň, şeýle hem halyçylyk pudagynda meşgullanýan ençeme telekeçileriň we halk senetçileriniň el işleri däp bolan gölleriniň hem-de döwrebap haly önümleriniň görkezilmegi bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň diwarlygy pudagyň senagat önümçiliginiň önümleriniň owadan nusgalaryny bezedi. Şu ýylyň fewral aýynda ulanmaga berlen bu täze kärhananyň mysalynda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän önümçilikleri ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi barada aýdyp bolar. Bu döwlet maksatnamasy giňden isleg bildirilýän önümlere ilatyň sarp edijiligini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Sergide oba senagaty toplumynyň we balyk hojalygynyň diwarlygy, şeýle hem welaýatlaryň häkimlikleriniň bölümleri aýratyn orun tutýar. Olarda ýokary hilli et, süýt, makaron we süýji-köke önümleriniň, ösümlik ýagynyň, çagalar iýmitiniň, gaplanylan balyk önümleriniň, ter miwe we gök önümleriniň we kakadylan miweleriň, şeýle hem balyň we ary balçylygynyň dürli önümleriniň baý we köpdürli görnüşleri görkezilýär. Ýurdumyzyň bazarlaryndaky hakyky azyk bolçulygynyň bu ajaýyp görnüşleri bu ulgamda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan hem-de adamlaryň abadançylygyny, olaryň saglygyny goramagy üpjün etmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezýär. Bu önümleriň ählisiniň halkara standartlarynyň kabul edilen ekologiýa we estetiki talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we bezelendigini bellemek möhümdir.

Döwletiň durnukly ösüşine goşýan öz goşandyny yzygiderli artdyryp, halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik pudaklarynda hususy işewürligiň wekilleri barha uly orunlary eýeleýärler. Ýurdumyzyň telekeçileri we haryt öndürijileri oba hojalyk we azyk pudaklaryndan, dokma we mebel önümçiliginden, poligrafiýa işlerinden başlap, häzirki zaman ýaşaýyş toplumlaryny we senagat kärhanalaryny gurmaga çenli örän dürli ulgamlarda ýöriteleşýärler.

Häzirki sergide sarp edijileriň örän oňat tanaýan hususy kärhanalary bolan “Aýbölek”, “Abraýly önüm”, “Çaly”, “Derýaplastik”, “Halys”, “Şahym-Şa”, “Penaly ýel”, şeýle hem ýokary tagam hiline eýe bolan azyk iýmitlerini öndürijiler--“Parasatly”, “Merdem”, “Hoş zaman”, “Hazar”, “Akdaş miwe içgileri”, “Parahat” we ençeme beýlekiler öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler.

Sport baradaky döwlet komitetiniň sergisi bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Olar diwarlykda gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Olimpiýa şäherjiginiň uly göwrümli toplumyny ýerleşdirdiler. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagy halkara sport hereketiniň ösdürilmegine Türkmenistanyň ägirt uly goşandynyň giňden ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Aziada-2017-niň ýaryşlary iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu köptaraply sport toplumynyň desgalarynda geçiriler. Bu toplum ýaryşlary ýaýlyma bermek we giňden wagyz etmek üçin multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman desgalarynyň 30-a golaýyny özünde birleşdirýär. Onuň desgalarynyň birnäçesi eýýäm ulanylyp, halkara forumyna taýýarlyk görülmeginiň çäklerinde guralýan halkara synag ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Ýurdumyzda ösdürilmegine ileri tutulýan ähmiýet berilýän ylym we bilim ulgamy hem sergide öz beýanyny tapdy. Okatmagyň iň täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň ugurlarynyň ählisi boýunça ýurdumyzda her ýyl okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň uly möçberleriniň çykarylmagynyň netijelerinde talyplarymyz we okuwçylarymyz halkara ders bäsleşikleriniň we beýleki bäsleşikleriň ýeňijileri bolýarlar. Bilim ministrliginiň diwarlygynda ýokary okuw mekdepleriniň okuw barlaghanalarynyň häzirki zaman enjamlary, abraýly akyl-paýhas ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanylan kuboklar bar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy milli ylym mekdebiniň iň täze ylmy we tehnologik gazananlaryna ünsi çekip, öz üstünliklerini, kuwwatyny, ýurdumyzyň alymlarynyň geljekki işläp taýýarlamalaryny görkezýär.

Sergä gatnaşyjylaryň uly möçberleri hem-de häzirki gözden geçirilişiniň döreden giň jemgyýetçilik seslenmesi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň sarp ediş bazarynda ýurdumyzyň harytlaryny öňe ilerletmek, depginli ösýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň üstünliklerini görkezmek üçin netijeli çäre bolandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Döwletimiz bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan türkmen halkymyzyň hal-ýagdaýynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter