Türkmenistan milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça öňde barýar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistan milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça öňde barýar

опубликованно 11.10.2016 // 1269 - просмотров
 

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynyň maslahatlar zalynda Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşmagy boýunça hereketleriň meýilnamasynyň 3-nji tapgyryny durmuşa geçirmäge bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde geçirilýär.

Duşuşyga durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) monitoring ulgamynyň halkara bilermeni Gereltuýýa Altanhuang gatnaşýar. Onuň iş saparynyň maksady Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini ýaýbaňlandyrmagyň 3-nji tapgyryny durmuşa geçirmek baradaky ýurt topary bilen geňeşmeleri geçirmekden ybaratdyr. Hususan-da, gürrüň durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ösüşe, milli wezipelere hem-de görkezijilere, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamasynda öz beýanyny tapjak wezipelere baha bermegiň ulgamyny işläp taýýarlamak barada barýar.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-ä agza döwletleriň 193-si 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda täze Gün tertibini biragyzdan kabul etdi. Durnukly ösüşiň 17 maksady häzirki döwrüň has möhüm ykdysady, durmuş, ekologiýa we dolandyryş meselelerine degişlidir. Sammitiň jemleýji resminamasynda “Bu Gün tertibi adamlar, dünýä we gülläp ösüş üçin hereketleriň meýilnamasydyr” diýlip nygtalýar.

Gün tertibi resmi taýdan 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi we ähli ýurtlar babatda 2030-njy ýyla çenli hereket eder. Onuň maksady adalatly we deňhukukly dünýäni döretmekden, durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüş hem-de daşky gurşawy goramak üçin bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmakdan ybaratdyr.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, döwletleriň borçnamalaryna laýyklykda, bu ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek üçin ähli derejelerde toparlaýyn hereketlere toplumlaýyn çemeleşmek zerur bolup durýar.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins “tegelek stola” gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň degişli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak babatda dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýandygyny belledi.

Mysal üçin, birinji tapgyryň çäklerinde durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileriniň ep-esli bölegi uýgunlaşdyryldy. Häzir dowam edýän ikinji tapgyrda olaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamasyna, şeýle hem aýry-aýry pudaklaýyn meýilnamalara we strategiýalara ornaşdyrylyşy amala aşyrylýar. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda BMG tarapyndan tassyklanan durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-sinden ybarat bolan maksatnama Türkmenistan tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin syýasaty işläp taýýarlamak üçin ugrukdyryjy hökmünde kabul edildi.

Üçünji tapgyrda Durnukly ösüş maksatlarynyň degişli ministrliklerde hem-de pudak edaralarynda, şol sanda Statistika baradaky döwlet komitetinde durmuşa geçirilişinde ösüşlere baha bermek üçin ölçegler ulgamynyň işlenip taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar. Çünki, Durnukly ösüş maksatlarynyň milli derejede uýgunlaşdyrylmagy statistikanyň hiline täze talaplary öňe sürýär. Munuň özi diňe bir maglumatlary ýygnamaga däl, eýsem, olary hasaba almagyň we seljermegiň täze usullaryny ornaşdyrmaga hem degişlidir.

Şu maksat bilen şu günki “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gatnaşýan dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri ýygnandylar. Olar halkara bilermeniniň gatnaşmagynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine baha bermegiň has kabul ederlikli usullaryny hem-de gurallaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan bar bolan statistiki görkezijilere barlaglary geçirmek hem-de olary Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň netijelerine hem garaldy.

Ertir Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşmagy boýunça hereketleriň meýilnamasynyň 3-nji tapgyryny durmuşa geçirmäge bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter